Prezident Putin çykyşynda Ukraina bilen ýaraşyk gepleşikleri hakynda; “Ukraina bilen gepleşiklere hiç haçan garşy durmadyk. Stambul ylaşaşygyna esaslanylmaly” diýdi.
Putin Prezident R.T.Erdoganyň töwellaçylyk etmeginde 2022-nji ýylda Ukraina bilen Stambulda ylalaşyk gazanylandygyny nygtap; “Şol ylalaşyk, ters tarapa görkezme berilendigi üçin güýje girmedi. ABŞ, Ýewropa we käbir Ýewropa ýurtlaryndaky saýlamalaryň Russiýany strategik ýeňilişe sezewar etme arzuwy bardy” diýdi.
Russiýanyň Ukraina bilen gepleşiklere hiç haçan oňaýsyz garamandygyny nygtan Putin; “Emma käbir wagtlaýyn talaplara görä däl, biz Stambulda karara gelinen we gol çekilen resminamalar esasynda gepleşiklere taýýar” diýdi.
Milli howpsuzlyk guramasy tarapyndan gönükdirilen we 1-nji awgustda Ankarada geçirilen tussag çalşygy hakynda-da durup geçen Putin, Prezident Erdoganyň bu meselede möhüm pozisiýa eýeländigini nygtady.
Putin atom energiýa desgalaryna garşy hüjümleri “howply terror aksiýalary” hökmünde häsýetlendirip; “Birmeňzeş gaýtawul görkezenimizde Ýewropanyň bu böleginde nämeleriň bolup biljekdigini diňe çaklamak bilen çäkleneris” diýdi.