Putin Ukraina bilen deslapky şertsiz duşuşmaga taýýardyklaryny aýtdy

Putin Ukraina bilen deslapky şertsiz duşuşmaga taýýardyklaryny aýtdy

Wladimir Putin ýurdunyň telewideniýesinde we radiosynda bilelikde ýaýlyma berilýän her ýylky metbugat ýygnagynda žuranilstleriň we halkyň soraglaryna "Göni ýaýlym" programmasynda jogap berdi.

Ukraina bilen bolup biläýjek parahatçylyk gepleşikleriniň üstünde durup geçen Putin: “Biziň hiç hili şertimiz ýok, deslapky şertler bolmazdan duşuşyk geçirmäge taýýardyrys. Emma 2022-nji ýylyň ahyrynda Stambulda geçirilen gepleşikler tapgyrynda gazanylan ylalaşygyň maddalaryna we şu gün meýdandaky faktlara esaslanyp duşuşyp bileris" diýdi.

Putin, Ukrainada prezident saýlawlary geçirilen halatynda, saýlanjak prezident bilen duşuşyp biljekdiklerini belläp: "Oňa ýurduň häzirki prezidenti Wladimir Zelenskiý hem girýär. Eger Ukraina hakykatdan hem parahatçylyk isleýän bolsa, ony durmuşa geçirip biler. Ukrainanyň kanuny dolanşygynda kim bolsa bolsun, onuň bilen duşuşyk geçirip bileris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”
Tramp Putin bilen duşuşyk geçirip biler
Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýede Saparda Bolar
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi