Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Tatarystanyň Başlygy Rustam Minnihanowy ýurduň Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordeniniň I derejesi bilen sylaglady. Bu barada Gazeta.ru habar berdi.
Döwlet sylagy Minnihanowa durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge goşan goşandy hem-de köp ýyllap çeken ak ýürekli zähmeti üçin gowşuryldy. Şeýle-de, Kazan şäheriniň häkimi Ilsur Metşin bu ordeniň II derejesine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şamil Gafarow IV derejesine mynasyp boldular.
Minnihanow 2022-nji ýylda Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordeniniň II derejesi bilen sylaglandy.
Rustam Minnihanow 2023-nji ýyldan bäri sebitiň Başlygy (Raýisi) bolup durýar. 2010-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli ol Tatarystanyň Prezidenti wezipesini eýeledi. Ol öň sebitiň Premýer-ministri, ondan öň bolsa maliýe ministri bolup işledi. Syýasatçy häzir 67 ýaşynda diýlip, habarda bellenýär.