Putin START Ylalaşygynyň Bes Edilmegi Hakyndaky Kanuny Tassyklady

Putin START Ylalaşygynyň Bes Edilmegi Hakyndaky Kanuny Tassyklady

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin ýurdunyň ABŞ bilen gol çekişilen we materiklerara atom ballistiki raketa ukyplaryny çäklendirmegi nazarda turýan Täze Strategik Ýaraglaryň Azaldylmagy hakyndaky ylalaşygyň (START) bes edilmegi hakyndaky kanuny tasssyklady.

Russiýanyň Döwlet kanun maglumatlandyryş ulgamynda neşir edilen Putiniň tassyklan kanunyna görä Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky Täze START ylalaşygy bes edildi.

Kanuna görä ýurduň adybir ylalaşyga gaýtadan goşulmak hakyndaky karar Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy tarapyndan kabul ediler.

Wladimir Putin 21-nji fewralda Federal Mejlisde sözlän sözünde Russiýanyň ABŞ bilen gol çekişilen Täze START ylalaşygyna gatnaşygyny bes edendigini aýdypdy.

Russiýanyň Döwlet Dumasy şol ylalaşygy bes etmek hakyndaky karary 2-nji fewralda kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Aşgabatda täze ýaşaýyş toplumy gurlar, Türkmenistan daşary ýurtlardaky 200 müňe golaý raýatynyň pasportlarynyň möhletini uzaltdy, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy açylar we beýleki habarlar
Ýasemin Adar we Ahmet Duman Altyn Medal Aldy
ÝB-niň Russiýa garşy 10-njy sanksiýa bukjasy güýje girdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Eýran türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermegi teklip edýär