Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde ýogalandygy beýan edilen Ýewgeniý Prigožiniň ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen jaýlama çäresi bilen baglanşykly paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beýanat berdi.
Jaýlama çäresi barada maglumatlarynyň bolmandygyny aýdan Peskow: "Bu meselede karar maşgala agzalary we dostlary tarapyndan berilýär, olar bolmadan bir zat aýdyp bilmeris. Putiniň çärä gatnaşmagy göz öňünde tutulmaýar" diýip belledi.
Rosawiatsiýa edarasyndan 23-nji awgustda berilen beýanatda, düzüminde Prigožin hem bolan hususy uçaryň Twerde ýere gaçmagy netijesinde 10 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.
Beýanata görä uçarda Prigožinden başga şeýle hem Wagneriň esaslandyryjylaryndan Dmitriý Utkin, Sergeý Propustin, Ýewgeniý Makarýan, Aleksandr Totmin, Waleriý Çekalow, Nikolaý Matuseýew hem bardy.
Russiýanyň Derňew komiteti 27-nji awgustda beren beýanatynda, Twer sebitinde hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde ýogalanlaryň arasynda Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožiniň hem bardygyny tassyklapdy.
Wladimir Putin uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildiripdi.