Putin Moskwada GDA ýurtlarynyň Prezidentlerini kabul eder

Putin Moskwada GDA ýurtlarynyň Prezidentlerini kabul eder

Şu ýylyň 7-8-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Moskwa şäherinde saparda bolmagyna garaşylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezdentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň žurnalistlere beren beýanatyna laýyklykda, Prezident Wladimir Putin 7-nji oktýabrda doglan güni mynasybetli, daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşar.

TASS-yň habar berşi ýaly, Russiýanyň Prezidenti Moskawada saparda boljak döwlet Baştutanlary bilen iş duşuşyklaryny geçirer, 7-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Türkmenistany GDA döwletleri bilen däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ysnyşykly taryhy-medeni hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Şunda Arkalaşyga agza döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Dmitriý Peskow Putin-Tramp duşuşygy barada beýanat berdi
Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ortaýer deňzinde batan rus ýük gämisine garşy terrorçylykly hüjüm guraldy
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan sylaglanyldy
Putiniň raýatlar bilen göni duşuşugy 19-njy dekabrda bolar
Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi