Putin Käbir Önümleriň Eksportuna Çäklendirme Giriziljekdigini Aýtdy

Putin Käbir Önümleriň Eksportuna Çäklendirme Giriziljekdigini Aýtdy

Putin: “Uran, titan, nikel we beýleki önümleriň daşarky bazarlara üpjünçiligine belli çäklendirmeleriň girizilmegi seljerilmeli” diýdi.

Putin paýtagt Moskwada ýurduň ykdysady gatnaşyklary hakynda rus höklümet resmileri bilen geçirilen maslahatda çykyş etdi.

Russiýanyň günbatar ýurtlarynyň sanksiýalaryna garşy oba hojalyk önümleriniň eksportynda dürli çäklendirmeleri iş ýüzüne geçirmäge başlandygyny ýatladan Putin; “Birinji tapgyrda ol gynansagam içerki bazardaky nyrhlarda belli artyşa sebäp boldy, emma netijede rus oba hojalyk pudagynyň ösmegine goşant goşdy” diýdi.

Putin Russiýaynn senagatynda-da şuna meňzeş tapgyryň başdan geçirilendigini beýan edip; “Firmalarymyz senagat önümleriniň importynyň çäklenmegi bilen belli pudaklary ele aldy we käbir bazarymyza elýeterli harytlary üpjün edýän hyzmatdaşlarymyzdan hem has netijeli hereket etdiler” diýdi.

Russiýa garşy käbir harytlaryň üpjünçiliginde çäklendirmeleriň goýulandygyna ünsi çeken Putin; “Belki biz hem belli çäklendirmeleri goýmaly. Uran, titan, nikel we beýleki önümlerin daşark bazarlara berilmegine çäklendirmeleriň girizilmegini seljermegimiz zerur” diýdi.

Ýene degişli makalalar

5 Aýda ABŞ-na 21 Million 536 Müň 18 Dollarlyk Önüm Eksport Edildi
Ministr Uralogly SpaýX Firmasynyň Desgalaryna Baryp Gördi
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk Çaýy 112 Ýurda Eksport Edildi
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy