Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar

Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 16-17-nji maýda Hytaýa döwlet sapary bilen barmakçy. Bu barada TASS habarlar gullugy Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Bu Putiniň Prezident wezipesine gaýtadan saýlanandan soňra ilkinji daşary ýurt sapary bolar. Ol HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaýa barar.

Russiýanyň we Hytaýyň Liderleri ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 75 ýyllygyny bellärler. Hyzmatdaşlyk we halkara meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar diýlip, habarda bellenýär. Sapar wagtynda döwlet Baştutanlary bilelikdäki sergileriň açylyşlaryna we forumlara gatnaşarlar, rus Lideri Harbiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Modi Moskwa bardy
Türkmenistan Hazar mediaforumyna gatnaşar
Putin Hytaý Bilen Uzak Möhletli Hyzmatdaşlyk Maksatnamalarynyň we Taslamalarynyň Bardygyny Aýtdy
Sergeý Butin Russiýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellendi