Russiýanyň Lideri Hytaý-Russiýa Strategik howpsuzlyk geňeşmeleri üçin ýurdunda saparda bolýan Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I bilen Stantk Peterburgda duşuşdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Putin duşuşykda; “bir blokly gegemoniýa we bloklarara bölünşige garşy durmak” üçin çagyryş edip, “strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýetine” ünsi çekdi.
Putin Hytaýyň Guşak we ýol başlangyjyny goldaýandygyny, ony bökdemek we garalamak ugrundaky tagallalara garşy durýandygyny beýan etdi.
Russiýanyň we Hytaýyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalaryndan biri hökmünde dünýäde galkynyşy hem-de ösüşi höweslendirme borjunyň bardygyna ünsi çeken Wan İ bolsa; “Köptaraply strategik utgaşyklyk dowam etdirilmeli, iki ýurduň kanuny haklary we bähbitleri goralmaly, halkara ulgamyň adalatly hem-de paýhasly dowam etmegi üçin tagalla edilmeli” diýdi.
Hytaý tarapy “Putiniň Russiýanyň Ukraina meselesini dialog hem-de geňeşmeler arkaly çözmek isleýandigini ýene-de bir nygtandygyny” habar berdi.
Wan Iniň Moskwadaky sapary we Putin bilen duşuşygy BMG-niň 78-nji Sessiýasynyň çäginde duşuşan G7-ä girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň çap eden bilelikdäki beýannamasynda Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin Moskwa beren çagyryşyndan soň guraldy.
ABŞ-nyň, Kanadanyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, İtaliýanyň we Ýaponiýanyň agza bolup durýan G7 ýaranlygyna girýän ýurtlaryň Daşary işler ministrleri 18-nji sentýabrda çap eden bilelikdäki beýannamasynda Russiýany “Ukrainadaky ähli esgerlerini we harby üpjünçiligini dessine hem-de şertisz çekmegä” çagyrypdy.