Putin Hytaý Bilen Uzak Möhletli Hyzmatdaşlyk Maksatnamalarynyň we Taslamalarynyň Bardygyny Aýtdy

Putin Hytaý Bilen Uzak Möhletli Hyzmatdaşlyk Maksatnamalarynyň we Taslamalarynyň Bardygyny Aýtdy

Putin Russiýada saparda bolýan Hytaýyň Premýer-ministri Li Çiang bilen Kreml köşkünde duşuşdy.

Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin bilen Pekinde geçiren duşuşygyndan soň gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzüne geçýändigini gürrüň beren Putin, Szinpiniň şu ýyl Gazagystanda geçiriljek BRİKS sammitine gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Li Çiangyň Moskwa saparynyň çäginde-de köp sanly ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çeken Putin; “Sizi görenimize örän şat. Hytaýly kärdeşlerimiziň hem goşandy bilen söwda gatnaşyklarymyz ösýär, üstünlikli öňe barýar. Ýurtlarymyzyna arasynda uzak möhletli, uly göwrümli bilelikdäki maksatnamalar, ykdysady we gumanitar taslamalar bar” diýdi.

Li Çiang bolsa Russiýanyň Putiniň liderliginde 12 ýylda durnukly ykdysady ösüşe eýedigine ünsi çekip, rus ykdysadyýetiniň ýylyň birinji ýarymynda 4,7 göterim ösendigini aýtdy.

Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň “taýy görülmedik” derejä göterilendigini nygtan Li Çiang; “Biz, siziň gazanan ylalaşyklaryňyzy iň ýokary derejede iş ýüzüne geçirmäge we hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmäge taýýar” diýdi.

Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklar esasanda Ukraina urşundan soň ösdi. İki ýurduň söwda mukdary geçen ýyl öňki ýyl bilen deňeşdirilende 26,3 göterim ýokarlap, 240,1 milliard dollara ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi
Si Szinpiniň maşgalasy Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Russiýa we Hytaý haýsy meselede ylalaşyp bilmediler?
Hytaý Ukrainanyň Territorial Bitewiligini Ykrar Edýär
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar