Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy

Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy

Paýtagt Moskwa şäherinde Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Dolanşyk geňeşiniň maslahatynda söz sözlän Wladimir Putin, dünýäde harby-syýasy ýagdaýyň durnuksyzdygyny belläp: "Ýakyn Gündogarda gan döküşlik dowam edýär. Dünýäniň beýleki ýerlerinde çaknyşyk potensialy hem ýokary" diýip habar berdi.

Günbataryň dünýädäki agalygyny goramaga, ýurtlara öz düzgünlerini girizmäge synanyşýandygyny, Russiýa böwet bolmak we strategiki taýdan ýeňmek syýasatyny alyp barýandygyny aýdan Putin, ABŞ-nyň Ukraina maddy we harby goldaw bermegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Rus lider: "ABŞ Ukrainadaky çaknyşygyň dowam etmegini goldaýar" diýip belledi.

NATO-nyň Russiýanyň serhediniň golaýyndaky harby infrastrukturasyny güýçlendirendigine ünsleri çeken Putin, Ýewropadaky ABŞ-ly esgerleriniň sanynyň 100 müňden geçendigini aýtdy.

Putin Günbataryň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde barlygyny güýçlendirýändigini, harby-syýasy bileleşikleri döredýändigini we şeýlelik bilen "sebitdäki howpsuzlyk binagärçiligine" zyýan ýetirýändigini belläp: "ABŞ-nyň 5500 kilometr aralyga ýetýän ýokary takyk hüjüm ulgamlaryny ýerleşdirmek boýunça alyp barýan işleri hem aladalandyrýar. Bu raketa ulgamlaryny Ýewropa we Aziýa-Ýuwaş umman sebitlerine ýerleşdirmek üçin işler alnyp barylýar" diýip beýan etdi.

Olara garşy zerur çäreleri görendiklerini we Ukrainadaky söweş şertlerinde Oreşnik ballistik raketa ulgamyny synagdan geçirendiklerini aýdan Putin: "Bu howplara giňişleýin jogap bereris. Iň möhüm wezipämiz, şeýle raketalary atylan halatynda anyklamak we olaryň öňüni almak. Şol bir wagtyň özünde, öndürýän raketa ulgamlarymyzy, şol sanda gipersonik raketalary köpçülikleýin öndürmek we ýerleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler çözülmeli" diýip habar berdi.

Wladimir Putin rus goşunynyň Ukrainadaky frontlarda öňe gidişlik etmäge dowam edýändigini aýdyp: "Şu ýyl 189 ýaşaýyş nokady azat edildi" diýdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Günbatarly Ýurtlara Duýdyryş Berdi
“Ukrainanıň NATO Agza Bolmagına Rugsat Bermeris”
“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”
Günorta Koreýa Demirgazygyň Russiýa gaubisa we raketa atyjy enjamlary iberendigini öňe sürdi
Tramp Döwri
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi