Putin Günbatarly Ýurtlara Duýdyryş Berdi

Putin Günbatarly Ýurtlara Duýdyryş Berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ukrainadaky harby raketa önümçilik merkezini orta aralykly raketa bilen nyşana alandyklaryny, dartgynlyk möwjän halatynda degişli gaýtawuly görkezmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Wladimir Putin halka ýüzlenip eden çykyşynda, ýurdunyň 21-nji noýabrda täze nesil orta aralykly “Oreşnik”raketasyny ýadro uçsyz ulanandygyny nygtap, “Dnipropetrowsk harby-senagat desgasy üstünlikli ýagdaýda nyşana alyndy” diýdi.

“Oreşnik” raketasynyň, Ukraina tarapyndan ýurduna Amerikada we Britaniýada öndürlen ýaraglar bilen guralan hüjümlere jogap hökmünde ulanandyklaryny ýatladan Wladimir Putin, Ukraina rus topraklarynda ýaraglaryny ulanmaga rugsat beren ýurtlara garşy öz ýaraglaryny ulanmak hukugynyň bardygyny nygtady.

Putin, ABŞ we NATO agza ýurtlaryň Russiýa garşy uzak aralykly ýarag ulgamlarynyň ulanylmagyna rugsat berendiklerini ýatladyp, “Şol günden bäri Günbatar tarapyndan Ukraina meçew berilýär”diýdi.

Wladimir Putin “Dartgynlyk möwjän halatynda degişli gaýtawuly görkezmäge dowam ederis” diýip belledi.

Rus lideri Putin “Halkara howpsuzlyk ulgamynyň çökmegine sebäp bolan we bütindünýäni çaknyşyga tarap alyp barýanyň Russiýa däl eýsem ABŞ-dygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
“Ukrainanıň NATO Agza Bolmagına Rugsat Bermeris”
Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
Zelenskiý Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer