
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, "Rossiya-1" telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Ýewropadaky syýasatçylaryň hereketleri bilen bagly beýannama berdi.
Ýewropaly syýasatçylar barada beýannama beren Putin, Fransiýanyň ozalky Prezidentleri Şarl de Gollyň, Fransua Mitteranyň, Žak Şirakyň, Germaniýanyň ozalky Premýer ministrleri Willi Brandtyň, Gelmut Kolyň, Gerhard Şrýoderiň dünýä syýasatynyň öňbaşçylarynyň arasynda bolandyklaryny we garaýyşlary üçin göreş alyp barandyklaryny beýan etdi.
Putin Ýewropada tejribeli syýasatçylaryň galmandygyny belläp: "Käwagt başdan geçirilýänlara haýran galyp tomaşa edýäris. Şu günki syýasatçylar sowatsyz we bilmeýän zatlaryny edýärler. Bu bolsa ýewropaly raýatlaryň bähbitleri üçin uly bir mesele" diýip habar berdi.
Ýewropaly elitler bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda uly bir dartgynlygyň başdan geçirlýändigini aýdan Putin: "Ýewropadaky ýokary derejedäki adamlaryň, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jo Baýden zamanynda Waşingtonyň buýruklaryny uly şatlyk bilen ýerine ýetirendiklerine şaýat bolduk.
Emma Trampy halamaýandyklary üçin oňa garşy göreş alyp bardylar we ABŞ-nyň syýasy durmuşyna, saýlaw tapgyryna goşuldylar.Tramp saýlanan mahaly bolsa kelleleri bulaşdy.Tramp häsýeti we tutanýerliligi bilen olaryň jylawyny gysga wagtyň içinde dartar. Ýakyn wagtda olaryň ählisi eýesiniň aýagyna gelerler.
Bu örän gysga wagtyň içinde bolar we ähli zat düzgün ýagdaýa geler" diýip belledi.