Putin Goranmak ministrligine görkezme berdi

Putin Goranmak ministrligine görkezme berdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Goranmak ministri Sergeý Şoýgu we Baş Ştabyň başlygy Waleriý Gerasimow bilen maslahat geçirdi.

Maslahatyň başynda Putin, Günbataryň Russiýa bilen gatnaşyklarynda dostlukly bolmaýan aksiýalar edýändigini beýan etdi.

Putin: "Ykdysady ýagdaýda bikanun sanksiýalary göz öňünde tutýaryn. NATO agza ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri hem ýurdumyza garşy agressiw beýanatlar berýärler. Şol sebäpli Baş Ştabyň başlygyna we Goranmak ministrine, Russiýanyň goşunynyň eýmendirme güýçlerini ýörite söweşjeň ýagdaýa geçirilmegi barada buýruk berýärin" diýip belledi.

Russiýanyň goşunynyň eýmendirme güýçleriniň düzüminde ýadro ýaraglar we gipersonik raketalar hem bar.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
“Ukrainanıň NATO Agza Bolmagına Rugsat Bermeris”
Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer
Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?