Putin: "Dünýäniň takmynan 30 ýurdy BRIKS-e agza bolmak isleýär" diýdi

Putin: "Dünýäniň takmynan 30 ýurdy BRIKS-e agza bolmak isleýär" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýanyň BRIKS-de 2024-nji ýylyň döwürleýin başlyklygyny öz üstüne almagy bilen bagly ýazmaça beýannama berdi.

BRIKS-e meňzeş syýasatlara eýe bolan döwletleriň ünsleri özüne çekýändigini aýdan Putin: "15-nji BRIKS sammitinde tassyklanan karara laýyklykda BRIKS indi 10 ýurtdan ybaratdyr. Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa BRIKS-e doly agza ýurtlar hökmünde düzümine goşuldylar. Bu bileleşigiň artýan abraýynyň we dünýä meseleelrindäki rolunyň güýçli bir görkezijisidir" diýip belledi.

Putin Russiýanyň BRIKS-däki döwürleýin başlyklygy üçin "Adalatly global galkynyş we howpsuzlyk üçin köp taraplaýynlylygyň güýçlendirilmegi" şygaryny ulanjakdyklaryny belläp: "Däp-dessurlary gorap saklap we bileleşigiň öňki ýyllarda toplanan tejribesi esasynda, täze agza ýurtlaryň ähli çärelere uýgunlaşmagyny ýeňilleşdirmek üçin ähli zerur çäreleri göreris" diýip nygtady.

BRIKS-e agza bolmak isleýän täze ýurtlaryň hem üstünde durup geçen Putin: "BRIKS-iň köp ölçegli gün tertibine goşulmak isleýän takmynan 30 ýurduň nähili derejede taýardyklaryny gözden geçireris" diýip habar berdi.

Putin agza ýurtlaryň halkara we sebitleýin howpsuzlyk bilen bagly kynçylyklara garşy bilelikde täsirli jogaplaryň tapylmagyna aýratyn ähmiýet berjekdiklerini beýan etdi.

Putin 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitiniň Russiýanyň döwürleýin başlyklygynyň iň ýokary çägi boljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy
Prezident Erdogan BRICS-iň Liderler Sammitine Gatnaşmak Üçin Tatarystana Gider
Prezident Erdogan BRICS-iň Liderler Sammitine Gatnaşar
Sisiniň Ankara Sapary
On üç döwlet BRIKS guramasynyň hyzmatdaş-ýurt derejesini aldy
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary