Putin Demirgazyk Kawkaza Iş Saparyny Gurady

Putin Demirgazyk Kawkaza Iş Saparyny Gurady

Putin Azerbaýjana saparyndan soň Demirgazyk Kawkaz Federal sebitindäki 3 respublika iş saparyny gurady.

İlki Kabardin-Balkar Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen Nalçikde duşuşan Putin, ol ýerden Demirgazyk Osetiýa Respublikasyna bardy.

Beslanda 2004-nji ýylda jenaýat edilen mekdebe we Perişdeleriň şäheri ýadygärligine baryp gören Putin, sebite soňky gezek 2008-nji ýylda barypdy.

Russiýanyň lideri 2011-nji ýylda premýer-ministr mahalynda guran saparyndan 13 ýyl soň Çeçenistana bardy.

Russiýanyň ýörite güýçler uniwersitetinde “meýletin söweşijiler” bilen duşuşan Putin, soň paýtagt Groznide “Hezreti İsa” atly Orta Aziýa binagärlik usulynda gurlan 4 minaraly metjide baryp gördi.

Putin göwher daşlar bilen bezelen golýazma Gurhany metjide sowgat etdi.

Ýene degişli makalalar

Kumyk Türkçesi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Çeçenistanda Gurhany Ýakan Nikita Žurawel 3,5 Ýyl Azatlykdan Mahrum Edildi
Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Dil özara gatnaşyklaryň guraly