Putin Bilen Salman Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Putin Bilen Salman Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bilen energetika bazaryndaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin bilen Salman telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Putin bilen Salman telefon söhbetdeşliginde Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda özara ynama we bähbide esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ýeten sepgidine kanagatlanma bildirdi.

Syýasat, ykdysadiýet, söwda we energetika pudagy boýunça iki ýurduň arasynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşan Putin bilen Salman, energetika bazarynda durnuklylygyň ýola goýulmagy maksady bilen Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEJ-e agza ýurtlaryň ýakyndan aragatnaşyk saklmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Putin bilen Salman iki ýurduň arasynda guralýan ýokary derejeli saparlaryň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanyň Şazadasy Eýranyň Prezidentini Gutlady
Salman Bilen Guterreş Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili girizilýär
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Muhammet bin Salman Eýranda saparda bolar
Ähli mekdeplerinde hytaý dili öwrediler