Putin Bilen Pezeşkiýan Sebitara we Halkara Meseleler Boýunça Pikir Alyşdy

Putin Bilen Pezeşkiýan Sebitara we Halkara Meseleler Boýunça Pikir Alyşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ilkinji gezek duşuşyp sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin, Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanýandygyny we özara söwda mukdarynyň şu ýyl artandygyny nygtady.

Eýranyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna we BRİJS-e agzadygyna ünsi çeken Putin, Pezeşkiýan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respulikasynyň paýtagty Kazanda oktýabr aýynyň 22-24-i aralygynda Braziliýadani Russiýadan, Hindistandan, Hytaýdan we Günorta Afrikadan ybarat BRICS-iň maslahatynyň çäginde duşuşmagy meýilleşdirýändigini belledi.

Eýran tarapyndan duşuşyk hakynda berlen ýazmaça beýannama görä, Pezeşkiýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary içgin we strategik hökmünde häsiýetlendirdi.

Ysraýylyň sebitindäki hüjüm ediji tutumy hakynda durup geçen Pezeşkiýan, Ysraýylyň halkara hukuk kadalaryna äsgermezçilik etmäge dowam edýändigini we sebitde uly dartgynlyga sebäp bolandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

BRIKS Afrika we Aziýa ýurtlarynyň dünýä syýasatynda möhüm orun eýelemäge ymtylyşyny goldaýar
Numan Kurtulmuş, Wladimir Putin Tarapyndan Kabul Edildi
Putin Bilen Kurtulmuş Aşgabatda Duşuşdy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet Ýolbaşçysy Russiýada Saparda Bolýar
Russiýa Bilen Eýran Strategik Hyzmatdaşlyk Şertnamasyny Baglaşdy
Slowakiýanyň Premýer-ministri Moskwa Bardy