Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen BRICS we Ukraina meselesi hakynda pikir alyşdy.
Kremlden berlen beýannama görä, Putin bilen Modi telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Putin bilen Modi telefon söhbetdeşliginde, Russiýa bilen Hindistanyň arasynda söwda, ykdysadyýet we energetika pudagy boýunça edilýän gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.
Putin bilen Modi özara gatnaşyklary pugtalandyrmak isleýändiklerini nygtap, Russiýada we Hindistanda şu ýyl geçiriljek saýlawlarda birek-birege rowaçlyk arzuw etdi.
Iki lider Russiýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda BRICS-yň amala aşyrjak işleri we Ukraina meselesi hakynda hem pikir alyşdy.