“Putin Bilen Asady Türkiýä Çagyrmagy Meýilleşdirýäris”

“Putin Bilen Asady Türkiýä Çagyrmagy Meýilleşdirýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Siriýanyň Prezidenti Başar Asady Türkiýä çagyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan, Gazagystana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugata beýannama berdi.

Siriýanyň Prezidenti Asad bilen duşuşyp biljekdigini aýdan Prezident Erdogan, geçen hepde hem Siriýa bilen täze etabyň başlap biljekdigini mälim edipdi.

Erdogan “Biz Jenap Putin bilen Başar Asady Türkiýä çagyryp bileris. Jenap Putin Türkiýä sapar guran halatynda, bu täze etabyň başlangyjy bolar. Siriýa meselesiniň çözülmeginiň diýseň möhümdigine doly göz ýetirildi” diýdi.

Prezident Erdogan, Siriýanyň gaýtadan dikeldilmeginiň we durnuksyzlygyň ortadan aýrylmagynyň möhümdigini nygtady.

Erdogan, Siriýada parahatçylygyň ýola goýulmagynyň we asudalygyň dürli ýurtlara gitmeli bolan millionlarça adamyň ýurtlaryna dolanmagy taýdan hem möhümdigini nygtap “Biz goňşymyz Siriýa hemişe dostluk elini uzatdyk we uzadarys” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar
Hakan Fidan Erdogan-Asad Duşuşygy Boýunça Işleýändigini Aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny