Putin Bilen Abbas Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Putin Bilen Abbas Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Tatarystanda geçirlen BRICS-e agza ýurtlaryň liderler sammitine gatnaşdy.

Mahmud Abbas iş saparynyň çäginde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Putin bilen Abbas duşuşykda Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Putin, awgust aýynda Abbas bilen bolan duşuşygyndan bäri Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygyna ünsi çekip, 40 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny, Liwanda we Ýakyn Gündogaryň beýleki sebitlerinde wakalaryň çuňlaşýandygyny belledi.

Russiýanyň, hüjümleriň gyssagly bes edilmegine we sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine goldaw berýändigini nygtan Putin, ähli taraplara parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş berýändiklerini belledi.

Putin, sebitde yzygiderli parahatçylygyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, garaşsyz we özygtyýarly Palestina döwletiniň gurulmagy bilen ýola goýuljakdygyna ünsi çekdi.

Palestinanyň Prezidenti Abbas hem sammitiň çäginde BRICS-iň alyp barýan işleri bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny, gurama agza ýada synçy bolmak isleýändiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Eýranda Saparda Boldy
Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas Sürgün Maksatnamasyny Kabul Etmedi
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
Gazada Deňi-Taýy Görülmedik Genosid Başdan Geçirilýär