Putin Bakuwda Prezident Aliýew Bilen Duşuşdy

Putin Bakuwda Prezident Aliýew Bilen Duşuşdy

Duşuşykda çykyş eden Aliýew Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýeten derejesine kanagatlanma bildirdi.

Aliýew 2022-nji ýylda gol çekilen ýaranlyk jarnamasynyň üstünlik bilen iş ýüzüne geçirilýändigini, hem syýasy hem-de ykdysady ugurlarda iňňän gowy netijeler alandyklaryny beýan etdi.

Russiýa bilen hem energetika hem-de transport pudaklarynda hyzmatdaşlyk edýandiklerini aýdan Aliýew, gumanitar gatnaşyklara hem aýratyn üns berýändiklerini nygtady.

Aliýew Putiniň saparynyň Azerbaýjan bilen Russiýa gatnaşyklary üçin peýdaly boljakdygyny beýan etdi.

Aliýewiň aprel aýynda Moskwa guran saparynyň özara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşandygyny beýan eden Wladimir Putin, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň üstünlik bilen ösýändigini nygtady.

Putin ýurdunyň Ukrainanyň başda durmagynda käbir kynçylyklary başdan geçirýändigini ýatladyp; “Emma Russiýanyň Günorta Kawkazdaky taryhy pozisiýasy soňky ýyllarda bu ýerde başdan geçirilenlere goşulyşmagymyzy mejbury ýagdaýa getirýar. Elbetde ol taraplaryň isleýän derejesinde bolýar” diýdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri hakynda-da durup geçen Putin; “Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekilmeği üçin bir zatlar edip bilsek, işi iki ýurduň serhetleriniň kesgitlenmegine we logistikiugurlaryň açylmagyna ýetirip bilsek, biz ondan hoşal bolaryş.

Azerbaýjana saparymdan soň Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen aragatnaşyk saklap, saparymyň netijeleri hakynda maglumat bererin.Azerbaýjanyň bu tapgyryň tamamlanmagyna we netije alynmagyna gönükjekdigini gowy bilýärin” diýdi.

Putin Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ýyllyk söwda mukdarynyň 4 milliard dollardan gowrakdygyny beýan edip, bu mukdaryň gowudygyny, emma iki ýurduň şertleriniň potensialyna laýyk däldigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Putin we Aliýew telefon arkaly söhbetdeş boldular
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Wladimir Putin Azerbaýjana Bardy
Ilham Aliýew Sergeý Şoýguny kabul etdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar