Putin Aşgabada bardy. Ukraina Türkmenistany ony tussag etmäge çagyrdy

Putin Aşgabada bardy. Ukraina Türkmenistany ony tussag etmäge çagyrdy

11-nji oktýabrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwrüň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygy - Parahatçylygyň we ösüşiň esaslary” atly halkara foruma gatnaşmak üçin 10-a golaý döwlet baştutany Aşgabatda ýygnandy.

Aşgabatdaky duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistana baran Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin forumyň çäginde Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer.

Türkmen resmileri tarapyndan medeni we parahatçylykly çäre hökmünde häsiýetlendirilýän, emma ilkibaşda Türki döwletleri guramasynyň resmi däl sammiti hökmünde meýilleşdirilen, bu foruma Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan barmady.

Rus prezidenti Putiniň Aşgabatda sapary bilen baglanyşykly Ukrainanyň Daşary işler ministrligi türkmen häkimiýetlerini rus liderini “halkara kadalaryna laýyklykda” tussag etmäge çagyrdy. Bu beýanat Ukrainanyň DIM-niň resmi websaýtynda çap edildi

Türkmenistan Halkara Jenaýat Sudunyň Putini tussag etmek barada çykaran kararyna esas berýän Rim düzgünnamasyna gol çeken ýurt däl. Şeýle-de bolsa, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň “halkara hukugynyň kadalaryna” we Halkara Jenaýat Sudunyň kararyna hormat bilen çemeleşjegine umyt bildirdi.

Sentýabryň başynda Ukraina we beýleki ýurtlaryň ençemesi Putiniň Mongoliýa saparynyň dowamynda şol ýurduň häkimiýetlerini ony tussag etmäge çagyrypdy.

Aşgabatdaky forumynyň medeni çäre hökmünde kesgitlenmegine garamazdan, rus prezidenti eden çykyşynda baýlygyň has adalatly paýlanylýan we her bir ýurduň pikiri göz öňünde tutulýan täze dünýä tertibiniň zerurdygyny aýtdy.Kreml tarapyndan anna güni irden ýaýradylan wideoýazgyda Putiniň Aşgabatdaky foruma gatnaşmak üçin öz gara limuzin bilen barandygy we onuň içinde türkmen lideri bilen elleşip, soňra konferensiýa ýüzlenendigi görkezildi.

Putiniň türkmen kärdeşi Serdar Berdymuhamedow bilen aýratyn gepleşik geçirjegi habar berildi.Kreml, çäräniň çäginde Putiniň Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary alyp maslahatlaşmalydygyny aýtdy.

Putin bilen Eýranyň lideri Masud Pezeşkianyň arasyndaky duşuşygyň Aşgabatdaky forumyň çägindäki esasy wakalaryň biri bolmagyna garaşylýar. Bu, iki prezidentiň arasynda Pezeşkian saýlanaly bäri ilkinji duşuşyk bolar.

Bu iki lideriň arasyndaky gepleşikler Ýakyn Gündogarda barha möwjeýän dartgynlylygyň we Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylygyň fonunda bolar.Ysraýyl Liwanda Eýran tarapyndan goldanýan radikal şaýy topary "Hizballa" garşy operasiýa geçirýär.

Eýran ýylyň başyndan bäri iki gezek ballistik raketalar bilen Ysraýyla hüjüm etdi.Ysraýylyň Eýrandan ar almak niýetini yglan etmegi bu konfliktiň giň gerimli söweşe öwrülmegi bilen bagly aladalary artdyrdy.

Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwrüň we siwilizasiýanyň gatnaşygy parahatçylygyň we ösüşiň esasyny düzýär” halkara forumy ilkibaşda Türk döwletleri guramasynyň (TDG) ýolbaşçylarynyň sammiti hökmünde meýilleşdirilipdi, ýöne soň näbelli sebäplere görä, medeni-bilim çäresine öwrülipdi.

Planlaşdyrylyp, başa barmadyk sammitde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşmagyna garaşylypdy we TDG guramasyna synçy statusynda gatnaşýan Türkmenistanyň doly agza bolmak kararyny yglan etjegi çak edilipdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada şu ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen diplomatik forumda eden çykyşynda beýan edipdi.

“Bu ýyl 'Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygary bilen biziň ýurdumyzda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýäris.Bu ýubileý senesi mynasybetli uly dabaralar guralar.

Magtymguly Praga bagyşlanan sammit geçiriler, oňa Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy.Belki, bu sammitde Türkmenistan Türkiýe döwletleriniň guramasynyň agzasy bolar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow fewralda aýynda Türkiýä eden saparynda aýtdy.

Türki döwlet guramasynyň öňdebaryjy agzasy bolan Türkiýe, bu guramada Türkmenistanyň doly agzalygyny gazanmak üçin köpden bäri synanyşýar. Resmi däl sammitiň ýatyrylmagy we Aşgabadyň TDG agza bolmagy barada yglan etmeginiň başa barmazlygy Erdoganyň Aşgabada barmakdan saklanmagyna sebäp bolan bolmagy mümkin.

Türkmen resmileri sammitiň derek medeni çäräniň geçiriljekdigini diňe sentýabryň ahyrynda yglan etdiler. Resmi habarlarda 10 töweregi döwlet baştutanynyň gatnaşjakdygy aýdylyp, olaryň kimdigi anyk görkezilmedi. Günüň başynda Aşgabada Eýranyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň we Özbegistanyň liderleriniň barandygy habar berildi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Aşgabatda 10-njy oktýabrda gepleşik geçirdiler we “ikitaraplaýyn syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri” barada pikir alyşdylar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi
Erdogan: Türkiýe Siriýadaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýar
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministrini kabul eder