Putin Aliýew bilen duşuşyk geçirdi

Putin Aliýew bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza döwletleriň Döwlet baştutanlarynyň sammitinden ozal Ilham Aliýew bilen Kreml köşgünde geçiren duşuşygyndan soň beýannama berdi.

Putin Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn derejede dowam edýändigini habar berdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwadynyň 4,3 milliard dollardygyny, Russiýanyň Azerbaýjana gönüden maýa goýumlarynyň 4 milliartdan gowrakdygyny aýdan Putin, hem energetika pudagy hem-de infrastruktura ösdürmek ugurlarynda taslamalaryň bardygyny beýan etdi.

Putin: "Taslamalaryň ählisi umytlandyryjy, ählisi hakyky, ýaşaýan taslamalar, hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyndyr" diýip belledi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew hem Putiniň Azerbaýajana guran saparyndan soň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dinamikalarynyň örän ünsleri özüne çekendigini aýdyp, Bakuda awgust aýynda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde tapawutly guramalaryň wekilleri we hökümet agzalary derejesinde köp sanda duşuşyklaryň bolandygyny aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
Wladimir Putin Azerbaýjana Bardy
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy