Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Goranmak ministrligine, Ukrainada şu gün ýerli wagt bilen 12.00-dan başlap 36 sagat möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegi barada görkezme berdi.
Kremlden berlen ýazmaça beýannamada, Wladimir Putiniň, Goranmak ministrligine, prowaslawlaryň täze ýyly mynasibetli “Ukrainada hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegi” barada görkezme berendigi nygtaldy.
Beýannamada, hüjümleriň 6-njy ýanwarda sagat 12.00-dan başlap 36 sagat möhlet bilen bes ediljekdigi bellenildi.
Beýannamada, “Prowaslawlaryň täze ýylda dini dabaralara gatnaşmagy üçin Ukraina hem hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýäris” diýildi.
Rus Prowaslaw buthanasynyň lideri Patrik Kirill hem ýanwar aýynyň 6-7-si aralygynda prowaslawlaryň täze ýylynda Ukrainada hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş beripdi.
Ukraina tarapy bolsa çagyryşy kabul etmeýändiklerini mälim etdi.
Ukraina tarapyndan berlen beýannamada “Russiýa basyp alyşlyk astyndaky ýerlerini terk eden halatynda hüjümler wagtlaýyn bes ediler” diýildi.
Rus esgerleri 24-nji fewralda Ukraina hüjüm başladypdy.