Putin: "34 ýurt BRICS-iň düzümine dürli ýollar bilen goşulmak isleýär" diýdi

Putin: "34 ýurt BRICS-iň düzümine dürli ýollar bilen goşulmak isleýär" diýdi

Wladimir Putin Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde BRICS-e agza ýurtlaryň 14-nji ýokary wekilleriň howpsuzlyk maslahatyna gatnaşýan resmiler bilen duşuşyk geçirdi.

Ol ýerde beýanat beren Putin, ady agzalan maslahata 1-nji ýanwardan bäri BRICS-e agza bolan ýurtlaryň wekilleriniň hem gatnaşýandygyny aýan etdi.

Şu günki güne çenli BRICS-iň çäginde tapawutly ugurlar boýunça maslahatlaryň geçirilendigine ünsleri çeken Putin, oktýabr aýynyň 22-24-si aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde BRICS sammitiniň geçiriljekdigini we ol maslahata ençeme ýurduň liderleriniň gatnaşjakdygyny beýan etdi.

Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin BRICS-iň ähmiýetini belläp: "BRICS-e gyzyklanma artýar. 34 ýurt BRICS-iň düzümine dürli ýollar bilen goşulmak isleýär" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Sergeý Şoýgu Eýranda saparda bolýar
Putin ýurtdaky esgerleriň sanyny artdyrdy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Russiýa Hamasyň Syýasy Lideri Heniýýeniň Janyna Kast Edilmegine Garşylyk Görkezdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary