Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 18-19-njy awgustda döwlet sapary bilen Azerbaýjana barar diýip, Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda rus-azerbaýjan gatnaşyklaryny mudan beýläk hem ösdürmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň, şeýle-de möhüm halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, habarda aýdylýar.
Saparyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek, hökümetara we beýleki resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.