Puşkiniň dirikä çap edilen eserleriniň ýygyndysy satuwa çykarylar

Puşkiniň dirikä çap edilen eserleriniň ýygyndysy satuwa çykarylar

Nusgawy rus şahyry A.S.Puşkiniň dirikä çap edilen üç eseriniň ýygyndysy söwdalaşyga çykarylar. Olar şahyryň “Ruslan we Lýudmila” (Руслан и Людмила), “Kawkaz ýesiri” ( Кавказский пленник) we “Poltawa” (Полтава) atly eserleridir. Başlangyç nyrh alty million rus rublundan ybarat diýip, TASS habar berýär.

“Ruslan we Lýudmila” 142 sahypadan we poemanyň “Girişiniň” elýazmasyndan ybarat bolup, ony Puşkin Kawkazda sürgündekä ýazypdyr. Şahyryň dosty Nikolaý Raýewskä bagyşlan “Kawkaz ýesiri” powesti 53 sahypadan durýar, “Poltawa” poemasyny bolsa söz ussady 1828-nji ýylda döredipdir we ol bir ýyldan soňra 1,2 müň nusgalykda neşir edilipdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Rus kinosynyň festiwaly geçiriler
Taryhda şu gün
A.S. Puşkin adyndaky teatr hakda monologlar: Olga Wolkowanyň durmuş ýolundan parçalar
Ussatlar ýarmarkasy: döretmek sungaty
Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdi
Türkmenistan: 146 sany hünär ugry boýunça daşary ýurt ÝOJ-laryndan alnan diplomlar ykrar edilmez