A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Aleksandr Wolodiniň pýesasy boýunça “Bäş agşam” oýnunyň premýerasy şowly geçdi. Sahnada gürrüň berilýän waka ýarym asyr mundan ozal bolup geçýär. Belli bir sebäplere görä uzak ýyllar bir-birinden aýra düşen iki adam täzeden duşuşyp, söhbetdeş bolanlarynda henizem bir-birini söýýändiklerini aňýarlar.
... “Bäş agşam” oýnunyň gahrymanlary Ilýin bilen Tamara bir-biri üçin ýaradylan ýaly. Ýigit inžener bolmagy maksat edinýär. Ýöne mugallym bilen tersleşenligi sebäpli okuwdan çykarylýar. Geljege umydy puja çykan ýigit özüni Tamara mynasyp saýman, demirgazyk ülkä gidýär-de, sürüji bolup işe durýar. 15 ýyldan soň Leningrada gelende ýüregi Tamara diýip telwas urýar.
-Häzirki çemeçil - pragmatik döwrümizde beýle ýagdaý bolup bilmejek ýalydyr, - diýip oýnuň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukert gürrüň berýär.Pýesa ýazyjynyň durmuşy bilen baglanşyklydyr.Aleksandr Wolodin uruş ýyllary kükreginden ýaralanýar.
Lukmanlar gaýry demri onuň teninden aýyrmandyrlar, çünki şonda onuň diri galmaga umydy kän eken.Onsoň Wolodin söýen gyzy sagdyn adam bilen durmuş gurmaga mynasyp saýýar-da, ondan daşlaşýar...
Dogrumyka? Şeýle karara diňe iki bolup gelmeli welin... ýöne ykbal diýlenem bar-da.
Men oýny tomaşaçylara döwrebaplaşdyryp hödürlemelimi ýa-da uruşdan soňky döwrüň ýagdaýyny görkezmelimi diýen meseläni çözmeli boldum. Onsoň men ikinjisini saýladym, sebäbi pýesanyň gahrymanlarynyň häsiýetidir hereketleri 60-njy ýyllaryň wekillerine mahsusdy. Biz oýnuň diňe bir uly nesle däl, eýsem ýaşlara-da gyzykly bolmagyny gazanmaga çalyşdyk, şonuň üçinem söýgi temasyny öňe sürdük.
Sahna bezeginde gürrüňi edilýän döwrüň ruhuny bermek üçin şol ýyllara degişli zatlary agtardyk: biri plastinkalary getirse, başgasy gatyk çüýşesini, komsomol nyşanyny, pioner galstugyny getirdi, sowet döwrüniň pasportyny weli kän gözlemeli bolduk...
Şol döwürde telewizoram hemmä ýetdirip duran zat däldi. Radioda täzelikler bilen birlikde sowet kompozitorlarynyň aýdymlary-da berlerdi. Oýunda ýaňlanýan Maýýa Kristalinskaýanyň, Waleriý Abazinskiniň, Irina Bržewskaýanyň aýdymlary şol döwrüň ruhuny berip, oýny has täsirli etdi.
Sahna bezeginde konkili buz üstünde taýylýan meýdançanyň şekili şowly tapylan režissýorlyk tilsimdir. Şol döwrüň ruhuny görkezýän ýene bir zat tans meýdançasydyr.Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, horeograf Anatoliý Lubines köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýän artistler bilen uly iş geçiripdir.
Wals, fokstrot, bugi-wugi, çarlston, twist we rok-n-roll tanslarynyň leksikasy oýnuň stilistikasyna sazlaşykly utgaşýar.Sahna bezeginiň ikinji plany şeýle bir çeper çykypdyr welin, ol oýnuň möhüm bölegine öwrüldi.
-Men Aleksandr Wolodiniň “Bäş agşam” pýesasyny gowy görýärin, şonuň üçinem Tamaranyň keşbini ynananlarynda begenjimiň çägi bolmandy, çünki men ony ençeme ýyl bäri arzuw edýärdim.Ilýin we Tamara ýaly hyýalbentler öňem bardy, indem bolar diýip pikir edýärin, - diýip Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa gürrüň berýär.
Režissýor Natalýa Laukert bilen biz bu pýesa boýunça goýlan dürli oýunlary, şol sanda Nikita Mihalkowyň goýan Lýudmila Gurçenko bilen Stanislaw Lýubşiniň baş keşpleri döreden filmini hem görüşdirdik.Keşpleri döredenimizde olary gaýtalamadykmykak diýýärin.
Biziň oýnumyzdaky söýmegi başarýan Tamara näzik we mähirli zenan.Ol aşygy bilen müdimi doňaklyklar ýurduna gitmek üçin Leningradda ýola düşen durmuşyny we şowlan işini taşlaýar.
“Bäş agşam” oýnunyň premýerasyndan soň teatrdan çykyp barýan tomaşaçylaryň biri: “Bu hem bilet tapmasy ýene bir oýun bolar” diýdi... Tomaşaçylaryň şeýle bahasy täze oýnuň şowly çykandygynyň subutnamasydyr.