A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda “Ah, gara gözleriň” atly oýnuň ilkinji görkezilişi boldy, ony Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow goýdy. Teatr işgärleriniň köpüsi oňa täzeçil goýlan oýun diýýärler. Munuň şeýledigine tomaşaçylar we tankytçylar baha bersinler, men welin söýgä bagyşlanan nusgawy eserleriň özboluşly sahnalaşadyrylyşyndan galan täsirler barada aýtmakçy...
Nurmuhammet Andalybyň “Leýli-Mejnun” dessany, Proesper Merimäniň “Afrika söýgüsi” we Uilýam Şekspiriň “Romeo we Julýetta” eserleri, şeýle hem Omar Haýýamyň oýnuň ýordumyna sazlaşykly utgaşan söýgä ýugrulan setirleri sahna oýnunyň edebi esasy boldy... Söýgä başyny aldyran Romeo bilen Julýetta üçin bir-birekden aýry durmuş ýok ýaly görünýär.
Leýlidir Mejnunyň söýgüsem olaryňkydan pes däl. Bir-birinden juda düşen aşyklaryň biri- Mejnun aklyndan azaşsa, beýlekisi- Leýli panyny terk edýär.
Aişa atly ýaş owadan gyzyň başyna düşenem hasratdan doly. Oňa birbadaa iki kişi- Zeýn bilen hajy Numan aşyk bolýarlar. Olam pajygaly gutarýar: gazaba münen Zeýn eli gamaly hajy Numana topulanda Aişa ara düşýär... Onuň ölümine bäs getirmedik Zeýn özüne kast etse, Numan däli-telbe bolýar, Aişa we keç ykbal baradaky rowaýatam dünýä dolýar...
Oýnuň ahyrynda ýaňlanýan Omar Haýýamyň dana setirleri režisýoryň aýtjak pikiri bilen sazlaşyp, bu oýny şowhunly el çarpmalar bilen garşylan tomaşaçylaryň ýüreginde orun tapdy.
Oýunda baş keşpleri ýaş aktrisalar Adelina Nazarowa (Aişa), Anýa Hommadowa (Julýetta), Lýubow Ýemelýanowa (Leýli) ýerine ýetirdiler. Oýnuň sahna we saz bezeginiň, gahrymanalryň owadan eşikleriniň-de ýerine düşenligini bellemek gerek.