Puldaky Şa zenanyň şekilini çalyşmak üçin iki ýyl gerek bolar

Puldaky Şa zenanyň şekilini çalyşmak üçin iki ýyl gerek bolar

Dolanyşykda bolan britan pullaryndan Ýelizaweta II şekilini aýyrmak we Karl III keşbini ýerleşdirilen täze pullary dolanyşyga goýbermek üçin azyndan iki ýyl gerek bolar. Bu barada The Guardian gazeti habar berdi diýip, Mail.ru ýazýar.

Neşir häzirki wagtda dolanyşykda Şa zenanyň keşbi şekillendirilen, umumy hümmeti 80 milliard funt sterling bolan pullaryň 4,5 milliard sanysynyň bardygyny habar berdi.

Öň Angliýanyň banky Şa zenanyň keşbi ýerleşdirilen kagyz we şaýy pullary çalyşmakçydygyny mälim edipdi. Bu diňe Beýik Britaniýa däl, Awstraliýa, Kanada, Täze Zelandiýa, Ýamaýka ýaly onlarça döwlete galtaşar. Olarda heniz hem ýurduň Baştutany resmi taýdan britan monarhy hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Italiýadaky Alikudi adasynyň häkimi geçileri mugt paýlaýar
Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar
GAR-da gülgün reňkli pili surata düşürdiler
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
2024-nji ýylyň martynda boljak magnit hadysalarynyň seneleri mälim edildi