“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” ylmy-populýar žurnalynyň täze sanynyň esasy temasy— ylmyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandyna bagyşlanypdyr. Žurnal Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri D.Reýimowyň we Ö. Sopyýewiň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň jähtinden “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” we “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Kanunlarynyň maddalaryna bagyşlanan makalasy bilen açylýar.
Milli bilim institutyndan S. Durdyýewiň makalasy hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga bagyşlanypdyr. Awtoryň belleýşi ýaly, 2013-2014-nji ýyllarda ýurduň orta hünärment we ýokary okuw mekdeplerinde “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi girizildi, mekdeplerde “Ekologiýa” dersi okadylyp başlandy. Awtor türkmen jemgyýetiniň we her bir maşgalanyň durmuşynda “ekologiýa medeniýeti” we “ekologiýa bilimi” ýaly düşünjeler barada pikir ýöredýär.
Howanyň üýtgemegi alymlaryň üns merkezinde durýar, ylymda hem energetika howpsuzlygy diýen täze ugur döredildi.Ulag ulgamynda, senagatda we oba hojalygynda ýangyja alternatiw serişdeleri peýdalanmagyň mümkinçilikleri ylmy taýdan barlanylýar. “Türkmengaz” DK-nyň hünärmenleri I.
Baýramowa we B.Geldiýewa işlenilen gaz we nebit skwažinalaryndan ýerasty çuňňur gatlaklardan ýylylyk almak pikirini teklip edýärler.Bir skwažinanyň geotermal energiýasy 158 müň tonna kömüriň ýerini tutýar diýen pikir bar.
Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutyndan A.Penjiýew alternatiw energetika temasyny dowam edýär.Awtor kiçi jülgelerde gidro-energiýa serişdelerinden peýdalanmak, Gün radiasyýasyny ulanmak, suwuk ýangyç almak üçin ösümliklerden we haýwanlardan alynýan biomassany gaýtadan işlemek mümkinçiligi barada gürrüň edýär.
Halkara nebit we gaz uniwersitetinden H. Ýowjanow, şeýle hem TDBGI-den Ç.Hojamuhammedowa we Ş.Nuryýewa gurluşyk betonyny gatadýan zatlar bilen bilelikde goşundy hökmünde “mawy ýangyç” arassalanynda alynýan gaz kükürdini ulanmak boýunça bilelikdäki ylmy işläp taýýarlamalaryny teklip edýarler.
Olar kükürtli betonyň suw sorujylyk ölçegleriniň derejesine laýyk gelýändigini tassyklaýarlar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Ýa. Rozygulyýewyň we U. Huseýnowyň makalasynda tebigata dykgatly garaýan ylmy barlagçylaryň ylmy maglumatlary we ekoulgamyň derýa, jeňňeler we çöller ýaly gözel ýerlerine muşdaklarynyň özünde galan täsirleri getirilýär. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmeni, entomolog E. Kokanowa soňky 90 ýylda kebelekleriň dürli görnüşleriniň köpelişine we ýakyn aralyga göçüşlerine syn berýär.
Hazar goraghanasynyň işgärleri A. Annatuwakowyň we M. Mämmetgurbanowanyň ylmy habarynda Hazardaky uly jübtüni öwrenmegiň taryhy we onuň häsiýetiniň aýratynlyklary beýan edilýär. Jübtün esasan balyk bilen iýmitlenýän guşdur, ornitologlar Hazaryň türkmen aýlagynyň çäklerinde olaryň 50 töweregi görnüşiniň bardygyny belleýärler.
TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň işgäri T.Hommyýewiň makalasynda böri bilen baglanşykly yrymlar barada gyzykly maglumatlar getirilýär.Meselem, “Ergonakan” eposynda ene möjegiň adamlara demir känlerini tapmaga kömek edişi beýan edilýär. “Boz gurt” eposynda-da bu haýwan barada maglumatlar bar.
Gadym döwürlerde gurt derisinden esgerlere eşik tikipdirler, deri olary batyrgaý edýär diýen düşünje bolupdyr.Mahmyt Kaşgarly çaga doglanda göbek eneden: “Tilki doguldymy ýa möjek?” diýip sorandyklaryny ýazypdyr. Ýagny gyzjagazy mekir tilkä, oglanjygy gaýduwsyz möjege deňäpdirler.
Oglan bäbegi gurt ýaly batyrgaý bolsun diýip, möjek derisine dolapdyrlar.Hat-da olara gaýduwsyz bolsunlar diýip Möjek, Böri, Gurt ýaly at hem dakypdyrlar.Sallançaga möjege degişli zatlar asylypdyr, önelgesiz gelinler olary boýnuna dakypdyrlar.
Milli baýramlarda “Gökböri” oýny oýnalypdyr.