Pudaklaýyn halkara sergi we maslahat

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmengurluşyk — 2019 atly halkara sergi hem-de Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi atly maslahat açyldy.Bu çäre ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu pudakda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekillerini, telekeçileri we işewürleri bir ýere jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça her ýyl geçirilýän bu çäreleriň esasy wezipeleri gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, häzirki zaman tehnologiýalaryny, geljegi uly taslamalary görkezmekden hem-de özara tejribe alyşmakdan, türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürliginiň wekilleri, alymlar, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny örän uly üns bilen diňlediler.Milli Liderimiziň Gutlagynda häzirki döwürde Türkmenistanyň sazlaşykly we okgunly ösüşini üpjün etmegiň ygtybarly binýadyny emele getirmek maksady bilen gurluşyk pudagyna örän uly maýa goýumlaryň gönükdirilýändigi, olaryň hasabyna iri önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtalýar.

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde türkmen we daşary ýurt firmalary öz tekliplerini hem-de täzeliklerini görkezdiler.Daşary ýurtlularyň arasynda ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de geljegi uly hyzmatdaşlary — taslama düzmekde, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini, enjamlary, abzallary we tehnikalary öndürmek ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalar bar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion taýdan ösmäge tarap ugur almak — hut şu ýörelgeler baş ugur bolup, ýöriteleşdirilen gözden geçirmäniň häsiýetini kesgitledi.

Köptaraply sergi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň önümçilik binýadynyň innowasion düzümini, şäher gurluşygynyň maddy-enjamlaýyn mümkinçiligini we binagärligi, häzirki zaman şäher we ulag düzüminiň kemala gelşini aýdyň görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk önümlerine barha artýan islegleri şertlendirip, ýerli çig malyň esasynda olary öndürmek ulgamyny depginli ösdürmäge itergi berdi.

Häzir munuň özi milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, dünýä ylmynyň we tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýar.Ulanylmaga berilýän döwrebap ýokary tehnologiýaly toplumlar halkara hil ölçeglerine kybap gelýän, bäsdeşlige ukyply, giň görnüşli harytlary çykarmaga niýetlenendir.

Bezeg serişdelerini, sement, kerpiç, panel toplumlaryny, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümlerini, armaturalary, metal gurnamalary, plastmas we aýna süýümli turbalary hem-de beýlekileri öndürýän pudaklaýyn edaralaryň hem-de iri kärhanalaryň diwarlyklary pudagyň ösüşiniň depginlerini we onuň gazananlaryny görkezýär.

Bu önümlere häzirki wagtda içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.Bu ýerde görkezilýän ylmy işläp taýýarlamalar, dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar Türkmenistanyň serişde tygşytlamagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary görkezijileri bolan tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga maksada okgunly geçýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat-siti giň gerimli taslamanyň serginiň esasy üns merkezinde bolandygyny bellemek gerek.

Ony gurmak başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.Gurluşygy paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde meýilleşdirilen bu iri ýaşaýyş toplumynyň taslamasy akylly şäher diýen maksatnamanyň amala aşmasy bolar.Täze uly ýaşaýyş toplumynyň durmuşyny guramagyň esasynda dolandyrmagyň sanly ulgamlary, robotlaşdyrylan we intellektual ulgamlar ilkibaşdan goýuldy.

Sergide ýurdumyzyň hususy gurluşyk ulgamynyň işi aýratyn giňden görkezildi.Soňky ýyllarda hususy gurluşykçylaryň alyp baran işleri bilen iri taslamalar durmuşa geçirildi.Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işi gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.

Häzir türkmen kompaniýalary döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň, önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň taslamalaryny düzmekde we olary bina etmekde gurluşyk ulgamynda dünýä derejesindäki gazanylanlary okgunly özleşdirýärler we ulanýarlar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçegine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular.

Bularyň ählisini Ajaýyp gurluşyk, Ussat inžener, Şahym Şa, Elektroulgamgurluşyk, Maksatly Geňeş, Berk köpri, Ak tam, Nusaý ýollary, Derýaplastik, Aga gurluşyk, Kämil ymarat we beýleki kompaniýalaryň diwarlyklary aýdyň görkezýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, geljegi uly hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmak babatda şunuň ýaly çäreleriň örän uly ähmiýeti bardyr.

Häzirki çäre bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bilen tanyşmak hem-de täjirçilik şertnamalaryny baglaşmak, täze önümleri mahabatlandyrmak, maýadarlary çekmek üçin mümkinçilik berýär.Forumyň sergi maksatnamasynda Alternativa LTD., YURTMER MERMER SAN.

VE TIC.LTD. ŞTI., VINCI Construction Grands Projets, 07Panelsan, Guangdong Liansu Machinery Manufacturing, YENTE, ZIBO CAMEL MATERIAL CO., LTD, TIANJIN HAIGANG STEEL COIL CO.,LTD, LIMITED LIABILITY COMPANY ROAD BUILDING, ALTCOM, SABO S.A., TENCATE GEOSYNTHETICS, WACKER KIMYA TICARET LTD.ŞTI.

diýen daşary ýurt kompaniýalarynyň we beýlekileriň ykdysady we medeni durmuşyň uly şäher merkezlerinde jemlenmeginiň möhüm meseleleriniň çözülmegi, şäherde ýaşamagyň has oňaýly şertlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly innowasion işläp taýýarlamalary, ýol binagärligini we beýlekileri görkezendigini bellemek möhümdir.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar sergi meýdançasyny diňe bir özleriniň täsin tehnologiýalaryny tanyşdyrmaga däl, eýsem, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyna hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bu ýerde döredilen şertlere esaslanyp, kärhanalara maýa goýmaga taýýardyklaryny tassyklamak üçin hem peýdalandylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän talaplary we dünýä derejesindäki ýagdaýlar babatda gurluşyk senagatyna ornaşdyrylýan ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, intellektual düzümli taslamalara hem-de ýaşamagyň oňaýly gurşawyny saklamaga we tebigaty goramaga goşant goşmaga kömek edýän akylly enjamlara aýratyn üns çekildi.

Dürli maksatly desgalaryň, şol sanda dolandyryş we edara toplumlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň çyzgydaky nusgalary geljege garamaga, sebitiň binagärlik merjeni diýlip mynasyp derejede atlandyrylýan Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtyny has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly iň ajaýyp taslamalara, depginli täzelenýän şäherlere we obalara baha bermäge mümkinçilik berýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi atly maslahat geçirildi.Oňa ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, birnäçe daşary döwletleriň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri, degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda we dünýä şäher gurluşygynyň tejribesini göz öňünde tutup, gurluşyk senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de gurluşyk we binagärlik ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajyp meseleleri girizildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki maslahat ýurdumyzyň gurluşyk bazarynyň möhüm ýagdaýlaryny kesgitlemäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň şu ulgamynyň öňünde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, innowasiýalary, bazar we ylmy çemeleşmeleri öňe ilerletmäge, zähmeti hünär taýdan utgaşykly guramaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Dürli taslamalary amala aşyrmak, bina edilýän desgalaryň ygtybarlylygyny we berkligini ýokarlandyrmak, gurluşykda nyrh emele getirmegiň aýratynlyklary, dürli maksatly desgalar gurlanda, ekologiýa kadalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegi baradaky meseleler esasy çykyşlaryň hatarynda boldy. Çykyşlaryň biri häzirki wagtda möhüm meseleleriň hatarynda durýan gurluşyk üçin ýükleri daşamagyň ykdysady taýdan amatly ugurlarynyň kemala getirilmegine bagyşlandy. Ýaşaýyş-jemagat hojalygynda energiýa taýdan netijeli ulgamy ornaşdyrmak, ýörite kompýuter maksatnamalarynyň kömegi bilen binagärlik taslamalaryny düzmekde täze usullary peýdalanmak baradaky hem-de dürli görnüşli innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi hakyndaky tanyşdyrmalar hem gyzykly boldy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz taslamalara seredende, seýsmiki howpsuzlygyň üpjün edilmegine örän uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda foruma gatnaşyjylar häzirki zamanyň seýsmiki ýagdaýa garşy tehnologiýalaryny ulanmak babatda tejribe alyşdylar.

Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk işleriniň seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalarynyň talaplaryna laýyk gelşine baha berlişi baradaky çykyş uly üns bilen diňlenildi.Türkmenistanyň dürli künjeklerinde önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet ösüş strategiýasy depginli ösüşiň uzak möhletli mümkinçiligine eýe bolan hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin gurluşyk serişdelerini öndürmekde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümçilik düzümlerini kemala getirmäge, eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyrmaga, ýerli çig malyň esasynda onuň görnüşlerini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar işjeň durmuşa geçirilýär. Şunda örän uly tejribä we innowasiýalara eýe bolan dürli döwletleriň öňdebaryjy işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şolaryň tejribesi köp sanly bilelikdäki maýa goýum taslamalary amala aşyrylanda üstünlikli peýdalanylyp bilner.

Bu ýere ýygnananlar häzirki çäreleriň ähmiýetini belläp, serginiň we maslahatyň işiniň netijeleriniň Türkmenistanyň gurluşyk pudagyny innowasion taýdan ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň hil taýdan täze derejesine çykarmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge itergi berjekdigi barada biragyzdan pikirlerini aýtdylar.

Türkmengurluşyk — 2019 atly halkara sergi 31-nji awgusta çenli işini dowam eder.

Ýene degişli makalalar

“LS Cable & System Ltd” Türkmenistanyň telearagatnaşyk bazaryna gyzyklanma bildirýär
29.08.2019 | Pudaklaýyn halkara sergi we maslahat
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Angliýada geçirilen halkara taslama bäsleşiginde “Altyn medala” eýe boldy