Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynyň aýnasy

Dünýäniň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli pudaklaýyn hem-de köpugurly ykdysady forumlar netijeli işewür gatnaşyklaryň aýdyň we mazmuny boýunça baý görnüşleriniň birine öwrüldi. Şolar ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny gözlemäge gönükdirilendir.

Şu mesele boýunça 2018-nji ýylyň synynda döwlet Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisini aýratyn bellemek bolar.

Her ýyl guralýan gözden geçirilişiň çäklerinde ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ösüşe tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünligi görkezildi.

Sergide hödürlenen gymmatlyklar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde deňsiz-taýsyz gazananlaryny aýdyňlyk bilen görkezdi.Munuň özi halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşynyň esasy bolup durýar. Şu maksada ýetmek üçin ähli pudaklarda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň bu serginiň açylmagy mynasybetli iberen Gutlagynda: “Türkmenistan halkara bileleşikde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeldip we oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa we hormata eýe bolýar. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasion ýoly bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak döwlet syýasatynyň esasyny düzýär” diýlip bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň hut şu esasy ugry forumyň häsiýetini kesgitledi.Onda ýangyç-energetika toplumynyň, obasenagat toplumynyň, gurluşygyň, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň, saglygy goraýşyň, ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sportuň, syýahatçylygyň hem-de beýleki ugurlaryň okgunly ösüşi görkezildi.

Sergi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hormatly Prezidentimiziň başyny başlan döwlet, milli, pudaklaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki mümkinçilikleriniň goşandyny şöhlelendirdi. Şol maksatnamalar bolsa ýurdumyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Ýangyç-energetika toplumy giň diwarlykda görkezildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de şu ýyl ulanmaga berlen tebigy gazdan karbamid önümçiligi boýunça “Garabogazkarbamid” zawodynyň eksport hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümlerine esasy orun berildi.

Sergide ýurdumyzyň telekeçileri we haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şolaryň sany ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine milli Liderimiziň goldaw bermegi boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmegi netijesinde ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda türkmen kompaniýalary ähli ulgamlarda daşary ýurtly şereketler bilen deň derejede bäsleşýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlary ösdürmek boýunça strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllarda welaýatlaryň hem-de etraplaryň, ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi barha özgerýär. Şolarda durmuş ulgamynyň desgalary, edara binalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ulanmaga berilýär. Degişli pudaklaýyn edaralaryň hem-de pudagyň iri kärhanalarynyň diwarlyklarynda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüş depgini, onuň aýdyň üstünlikleri has doly görkezildi.

Döwrebap ulag düzüminiň bolmagy hem-de bu ulgamda ilata ýokary hilli we elýeterli ulag hyzmatlarynyň hödürlenilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Hut şulary hem bu ýerde ýerleşdirilen diwarlyklar aýdyňlyk bilen görkezdi.

Bu sergi türkmen önüm öndürijileriniň işini ilerletmek üçin netijeli çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iň täze tehnologiýalar netijesinde ýakyn geljekde ýurdumyzyň nähili keşbe eýe boljakdygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berdi.

Serginiň esasy ugurlarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sentýabr aýynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Garagum sährasynyň üsti bilen üstünlikli geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen baglanyşykly boldy. Ýurdumyzyň sport durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bu waka eziz Watanymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanan üstünliklerini wagyz etmekde anyk orna eýe boldy hem-de türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ajaýyp subutnamalarynyň birine öwrüldi.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly ylmy-amaly maslahatyň barşynda halkara ykdysady gatnaşyklary, bazar gatnaşyklaryny, bank işini giňeltmegiň, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, durmuş syýasatynyň möhüm meseleleri we beýlekiler giňden beýan edildi.

Giň möçberli toplumlaýyn maksatnamalarda, ilkinji nobatda bolsa, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan düzümi döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýa laýyklykda, bazar gatnaşyklaryna yzygiderli we tapgyrlaýyn geçmegi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bilen utgaşdyryldy. Senagat pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmäge, baý tebigy serişdeleriň binýadynda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kärhanalary tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi önümçilikleriň yzygiderli ösmegine, tehniki babatda döwrebap enjamlaşdyrylmagyna, iri maýa goýumlaryny özleşdirmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça täze toplumlaryň işe girizilmegi ykdysady ösüş üçin binýadyň döredilmegini, ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda guralan senagat önümleriniň, enjamlarynyň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň ähmiýetini bellemelidiris. Ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitlerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Türkiýeden, Russiýadan, Bolgariýadan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan elliden gowrak kompaniýanyň we guramanyň öňdebaryjy tejribelerini we işläp taýýarlamalaryny görkezdi.

Serginiň ugurlary örän köpdürli bolup, ýurdumyzyň döwlet hem-de telekeçi düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklary we bölümleri ýangyç-energetika toplumynda, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk ulgamlarynda, gaýtadan işleýän senagatda, himiýa we dokma senagatynda, gurluşyk serişdeleriniň we azyk önümleriniň önümçiliginde, söwdada... bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň üstünliklerini we netijelerini doly derejede açyp görkezdi.

Gözden geçirilişe daşary ýurtlardan gatnaşanlaryň hatarynda “Dragon Oil”, “Schlumberger Logelco Inc.”, “Sсhneider Electric” we “Alstom”, “Thales International”, “Sifal”, “Oberthur”, “Airbus Defense & Space”, “Total”, “Malaysia External Trade Development Corporation”, “Izmir Free Zone” hem-de “Anzali Free Zone Organization” türk kompaniýalary, “Brik global” (BAE), “Рars Khooshe Pardaz Co.”, “Еmpero”, “ООО Çinta”, “TM Trade Limited Co.”, “Aermec s.p.a.”, “Medical Kasra Behdis”, “Lonati s.p.a”, “BMW”, “Autohaus GMBH”, “Daewoo” ýaly dünýäniň iri kompaniýalary bar.

Döwlet düzümleriniň we ýurdumyzyň kärhanalarynyň hem-de hususy kompaniýalaryň diwarlyklary daşary ýurtly myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisiniň çäginde işewürlik duşuşyklary geçirildi. Şolaryň barşynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary anyklaşdyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki pudaklar bilen bir hatarda, halyçylyk we dokma pudaklarynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň bu ileri tutulýan ulgamlaryny ösdürmäge, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gadymy halyçylyk sungatymyzy dünýä ýaýmaga, türkmen halylarynyň gadymy nusgalaryny dikeltmäge uly üns berýär.

Gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlarynyň netijesinde daşky gurşawy goramagyň ölçeglerine kybap gelýän iň täze ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen täze dokma toplumlary, haly fabrikleri gurulýar hem-de ulanmaga berilýär.

Döwrebap toplumlarda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli dokma önümleriniň, örän owadan türkmen halylarynyň önümçiligi ýola goýuldy.Pudagyň ösüşinde oňyn özgerişlikler bolup geçýär.Munuň şeýledigine halkara guramalar tarapyndan täze açylan dokma kärhanalaryna güwänamalaryň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň maý aýynda geçirilen Türkmenistanyň dokma we haly önümleriniň halkara sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisi bu pudaklaryň gazanan üstünlikleri bilen bir hatarda dünýäde barha berk orny eýeleýän garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezdi.

Daşary ýurtlaryň ýigrimisinden gatnaşyjy kompaniýalaryň uly düzümi dünýäniň işewür toparlarynyň depginli ösýän ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny, geljegi uly türkmen bazarynda ornuny berkitmek, täze hyzmatdaşlar üçin bolsa göni gatnaşyklary ýola goýmaga bolan isleglerini tassyklady.

Dokma önümleriniň bölümleri we diwarlyklary pudagyň ähli ugurlaryny — güwälendirilen nah ýüplügi we ýüpegi işläp taýýarlamakdan döwrebap bezegiň kadalaryna kybap gelýän taýýar önümleriň çykarylmagyna çenli iş ugurlaryny görkezdi. “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly ekologiýa taýdan arassa pagtadan öndürilen önümler — ýurdumyzyň eksportynyň möhüm ugurlarynyň biri häzir ähli ýerde ykrar edilýän milli nyşan bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Serginiň aýratyn bölümi ýüpekçilige bagyşlandy. Bu ugur ata-babalarymyzyň hemişe özboluşly hünärmentçiligi bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlaryndaky iri merkezleriň biri bolan Gadymy Merwiň altyna deň görlen, Gündogaryň we Günbataryň bazarlarynda uly islegden peýdalanan ajaýyp ýüpek matalary bilen şöhratlanandygy hemmä bellidir.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen halyçylyk kärhanalarynda çeper elli ussat gelin-gyzlarymyzyň döredýän däbe öwrülen döwrebap haly önümleriniň köpdürlüligini owadan sergi özünde jemledi. Ýüňi ýokary hilli ýüplügiň önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýän belli saryja goýunlaryň tohumlary, ösümlikleriň reňkleriniň esasynda ony boýamagyň iň täze tehnologiýalary, kämil dokma dokaýjy tehnikalary — bularyň ählisini sergide görmek boldy.

Sergide dokma önümçiliginiň galyndylaryny ikinji gezek gaýtadan işleýän täze pudaklaýyn kärhananyň önümleri hem ilkinji gezek görkezildi.

Ýurdumyzyň dokma senagatyny depginli ösdürmegiň strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, öňdebaryjy enjamlary öndürijiler bilen ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, önümçilige täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylky pudaklaýyn gözden geçirilişlerde, ilkinji nobatda, işiň aýratynlyklary hem-de türkmen kärhanalarynyň sarp edijiligi nazara alnyp, täzelikler görkezilýär.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda “Rieter” şweýsar kompaniýasy we Germaniýadan, Italiýadan, Belgiýadan, Türkiýeden birnäçe beýleki öndürijiler hem-de enjamlary iberijiler bar.

Türkmen halylary barada “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” diýen ajaýyp kitaplary ýazan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawy hem-de şahsy goşandy netijesinde, milli halyçylygyň şöhratly däplerini has-da artdyrmak mynasyp dowamyna eýe boldy. Şu babatda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisiniň ähmiýetini bellemek gerek.

Oňa taryhçy alymlar, sungaty öwrenijiler, bilermenler, ussat halyçylar, bu gymmatly önümleri toplaýjylar, Germaniýadan, Türkiýeden täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň halyçylar assosiasiýasynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Owganystandaky bölüminiň, Özbegistanyň milli medeniýet merkeziniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek wezipelerini çözmekde gazanylanlar, elde haly dokamagyň we amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleriniň milli däpleriniň ösdürilişi, pudaga iň täze senagat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy baradaky meseleler girizildi. Çykyşlaryň mazmuny gadymy haly gölleriniň gelip çykyşynyň taryhy we aýratynlyklary babatda ylmy-barlaglaryň netijelerini, beýleki ýurtlarda hem-de dürli taryhy eýýamlarda halyçylyk sungatynyň ösüşi baradaky gürrüňleri özünde jemledi.

Söwda toplumy — durmuş abadançylygynyň aýdyň görkezijisi, öndürijileriň hem-de sarp edijileriň hakyky we her günki gatnaşyklarynyň ulgamy. Şu babatda söwdanyň we hyzmatlaryň ösüşiniň ýokary derejesi durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň üstünliklidiginiň möhüm görkezijisidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan ähli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.Häzirki wagtda amala aşyrylýan özgertmeler, oba hojalyk toplumyna bazar usullarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşini höweslendirýär, bu bolsa, ilkinji nobatda, içerki söwdanyň möçberiniň artmagynda hem öz beýanyny tapýar.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ösüşiniň çuňňur oýlanyşykly strategiýasy netijesinde, telekeçilik işjeňligi ep-esli ýokarlandy, işewürlik we hyzmatlar ulgamynda döwrebap usullar ulanylýar, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak hem-de ylmy esasda önüm öndürilişini köpeltmek üçin şertler döredildi.

Munuň subutnamasy hökmünde şu ýylyň iýun aýynda geçirilen “Söwda we hyzmat — 2018” atly sergi-ýarmarkasyny ýatlamak möhümdir. Şonda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalarynyň hem-de düzümleriniň 50-den gowragy milli söwda ulgamynyň kuwwatyny, onuň ösüşini, içerki bazaryň, haryt öndürijileriniň eksport mümkinçilikleriniň artyşyny hem-de hyzmatlaryň dürli görnüşlerini görkezdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, energetika senagatyny döwrebaplaşdyrmak üçin hem hemme şertler döredildi. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda, elektroenergiýanyň öndürilişiniň mukdary artýar.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu ugrunyň ösüşiniň gazanylan ýokary depginleri içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de elektroenergiýanyň eksport edilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu pudagyň kuwwatynyň ep-esli derejede ýokarlanmagy güýçli elektrostansiýalaryň gurulmagy, elektrik geçirijileriň täze şahalarynyň çekilmegi, energetika düzümleriniň we daşarky yşyklandyryş ulgamlarynyň täzelenmegi netijesinde mümkin boldy.

Türkmenistan iri möçberli energetika taslamalaryny durmuşa geçirip, halkara pudaklaýyn hyzmatdaşlyga hem uly üns berýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Energiýa serişdeleriniň daşary ýurtly sarp edijilere durnukly we ygtybarly iberilişini üpjün etmek şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Sentýabrda geçirilen “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergi hem-de maslahat energetika pudagynyň üstünlikleri bilen tanyşmaga, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň we onuň geljegi barada maglumatlary alyşmaga, geljegi uly taslamalary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary hem-de gaýtadan dikeldilen energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmagyň möhüm meselelerini öňe sürmäge we ara alyp maslahatlaşmaga, özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleri döretdi.

Maslahata gatnaşyjylaryň her ýyl artýan sany, hususan-da, dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň hem-de hususy işewürligiň wekilleriniň 160-synyň gatnaşmagy bu pudagyň ýokary depginli ösüşiniň, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň energetika ulgamynyň ösüşine özlerini energiýa desgalaryny gurmak, elektrik geçiriji şahalary çekmek, bejeriş-abatlaýyş we işe goýberiş işlerini alyp barmak ulgamynda üstünlikli görkezen hususy kärhanalaryň hem saldamly goşant goşýandygyny bellemek möhümdir.

Türkmenistana häzirki zamanyň ýöriteleşdirilen enjamlaryny we abzallaryny, belli öndürijileriň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýa täzeliklerini iberýän kompaniýalar döwrebaplaşdyrylan pudaklaýyn düzümiň kemala gelmegine ýardam berýär.Bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň önümçilik desgalaryny tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmakda bildirýän möhüm talaplarynyň biridir.

Ýokarda nygtalyp geçilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň köpugurlylygyny döretmek maksady bilen, iri möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň hem-de eksport ugurly önümleri çykarmagyň möçberlerini artdyrmak boýunça maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion önümçilikleri döretmek boýunça geçirilýän düýpli işleriň çäklerinde, daşary ýurtlara ugradylýan harytlaryň sanawy ep-esli artdy hem-de eksport kuwwatly ösdürilýär.

Bu ugurdaky ösüşlere beslenen özgertmeleriň netijeleri 4-nji dekabrda geçirilen importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisinde görkezildi. Sergä ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň, Ýewropadan we GDA-dan kompaniýalaryň 90-a golaýy gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen sergi bu ulgamda ýurdumyzyň bazarynyň üstünliklerini we mümkinçiliklerini, daşary ýurtlaryň enjamlary öndürijileriniň öňdebaryjy tejribesini hem-de işläp taýýarlamalaryny görkezdi.

Türkmenistanyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň ösüşiň innowasion ýoluna düşmeginde, senagatyň täze ugurlaryny höweslendirmegiň hasabyna pudagy ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine ýardam etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ýerlerde importyň ornuny tutýan harytlary — gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral dökünleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri çykarýan kärhanalar açylýar.

Serginiň agramly bölegi türkmen işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine — önümçilige tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagyň esasynda importyň ornuny tutýan senagat we oba hojalyk toplumlarynyň döredilişine bagyşlandy. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig malyň esasynda azyk önümleriniň giň görnüşlerini çykarmak ýola goýuldy.

Sergi diwarlyklarynda ekerançylyk meýdanlarynda we milli Liderimiz tarapyndan obasenagat toplumynda importyň ornuny tutýan syýasatyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenen ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen gök, bakja önümleriniň, miweleriň köp görnüşleri bar.

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar depginli ösýän türkmen bazarynyň isleglerini nazarda tutup, işewürlik pikirleriniň uly toplumyny taýýarladylar.

Gözden geçirilişiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigini hem-de duşuşyklaryň geçirilendigini bellemek gerek. Duşuşyklarda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi, haryt öndürijileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalary döretmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda geçirilýän ençeme köpugurly we hünär ugurly ykdysady sergiler dünýäniň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň barha köp sanlysynyň ünsüni çekýär hem-de daşary ýurtlarda ýurdumyzyň önümleriniň wagyz edilmeginde anyk orna eýe bolýar, şol önümler hil derejesiniň hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň halkara güwänamalaryna mynasyp boldy.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň artmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň ösen senagat döwletleriniň hataryna çykmagyna ýardam berýär.

Ýene degişli makalalar

Döwrebap tehnologiýalaryň ýöriteleşdirilen Halkara sergisi öz işine başlady
31.01.2018 | Halkara sergi ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazananlary bilen tanyşdyrýar
Ýewropanyň iň gowulary saýlanar
Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer
HALK MASLAKHATY IS A RELIABLE PILLAR OF DEMOCRACY IN TURKMENISTAN
Premýer-ministriň wezipesini eýelär