PSŽ transferden doýanok ýene-de 2 oýunçyny düzümine goşdy

Transfer möwsüminde soňky wagtlarda hasam işjeňleşen PSŽ eýýäm 5 futbolçyny düzümine goşdy. Ilki tölegsiz sloweniýaly goragçy Milan Şkriniary, soňra ispaniýaly ýarymgoragçy Marko Asensio bilen şertnama baglaşdy. Sportingden 60 million ýewro alnan urugwaýly ýarymgoragçy Manuel Ugarte bilenem meýdançanyň orta gürpündäki alternatiwleriň sany artdy.

Tomsuň ilkinji gününden bäri parižliler bilen ady agzalyp gelýän ýene 2 futbolçy hem PSŽ-niň düzmine goşuldy.PSŽ topary ispan kluby Malýorkanyň 22 ýaşyndaky koreýaly ýarymgoragçysy Li Kan Ini transfer etdi. 22 million ýewro berlip transfer edilen oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekildi.

Walensiýada futbola başlan Li Kan In Malýorkada 2 möwsümde 73 oýunda 2 gol geçirdi.Kan In Günorta Koreýanyň ýygyndysynda-da 14 duşuşykda meýdança çykdy.Koreýaly oýunçy 19-njy belgili köýnekçäni geýer.

PSŽsoňky 2 gündäki 2-nji transferi bilen goragyny güýçlendirdi.PSŽ topary Bawariýanyň çep gyraky goragçysy Lukas Hernandesi 45-50 million ýewro transfer etdi.Parižliler 27 ýaşyndaky fransuz oýunçy bilenem 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. 2019-njy ýylda Atletikodan 80 million ýewro transfer edilen Hernandes Dünýä Kubogynda agyr şikes alyp, möwsümiň galan bölegini dynç alyşda geçiripdi.

Ol “Bawariýada” geçiren 4 möwsüminde 107 oýunda 2 pökgini derwezä girizdi.Atletikoda-da 5 möwsümde 110 duşuşyk geçiren Hernandesiň Fransiýanyň ýygyndysynda meýdança çykan 33 duşuşygynda goly ýok.Ol PSŽ-de 21-nji belgili köýnekçede çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
PSŽ-niň möwsümdäki 6-njy transferi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
Ronaldonyň 100-nji ýeňşi, 102-nji goly hem-de Ramosyň rekordy