PSŽ soňky 10 minutda ýeňildi, “Monako” çempionlyk ýaryşyna goşuldy

Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri PSŽ myhmançylykda “Loriýandan” soňky 10 minutda 2 gol geçirdip, ýeňlişe sezewar boldy.Aşaky orunlarda barýan “Loriýana” ýeňiş getiren gollary Aberžel 36, Wissa 80, Moffi 90+2 geçirdi.

PSŽ-den Neýmaryň 45-nji we 57-nji minutlarda penalti urgularyndan geçiren gollary ýeňşe ýeterlik bolmady. Şunlukda, toparyň täze tälimçisi Poçettino ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.Bu ýeňlişden soň PSŽ 3-nji orna düşdi. Ýusuf Ýazyjynyň ýeke-täk goly bilen “Dižony” ýeňen “Lill” 1-nji orna geçdi. “Bordodan” 21 üstün çykan “Lion” 2-nji ýerde barýar. “Nanty” 2-1 hasabynda utan “Monako” hem çempionlyk ýaryşyna goşuldy. Çempionatda 22-nji tapgyrdan soň, “Lilliň” 48, “Lionyň” 46, PSŽ-niň 45, “Monakonyň” 42 utugy bar.

The post PSŽ soňky 10 minutda ýeňildi, “Monako” çempionlyk ýaryşyna goşuldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
20 ýyldan soň öňki toparyna tälim bolup dolandy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
PSŽ-de Poçettino gitdi, Galtie geldi
Kristof Galtýe PSŽ-niň baş tälimçisi boldy
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Krisotf Galtýe barada käbir çaklamalar