PSŽ-niň möwsümdäki 6-njy transferi

Fransiýanyň PSŽ topary transfer möwsümindäki 6-njy futbolçysyny düzümine goşdy. “Benfika” toparynyň 18 ýaşyndaky italiýaly ýarymgoragçysy Çer Ndur karýerasyny PSŽ-de dowam etdirer.Erkin agent ýagdaýynda PSŽ toparyna transfer bolan Ndur 5 ýyllyk şertnama gol çekdi.

Ol “Benfikanyň B” toparynda 36 oýunda 4 gol geçirdi.Ndur parižlileriň düzüminde 27-nji belgili köýnekçäni geýer.Ndur PSŽ-niň Milan Şkriniar, Marko Asensio, Manuel Ugarte, Li Kan In hem-de Lukas Hernandesden häzirlikçe transfer eden 6-njy futbolçysy boldy.

Ýene degişli makalalar

PSŽ transferden doýanok ýene-de 2 oýunçyny düzümine goşdy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
PSŽ-niň 2 günde 3-nji transferi
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
Peleden soň Gawi, Ispaniýa gol bolup ýagdy