
PSŽ argentinaly hüjümçisi Lionel Messi bilen täze şertnama baglanyşmagyň üstünde işleýär diýip, žurnalist Adrian Grenýe Le Parisien neşirine salgylanyp twitterinde ýazýar.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, PSŽ argentinaly hüjümçä 2024-nji ýyla çenli, ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen, şertnama ylalaşygyny teklip etdi. Şeýle-de, häzirki wagtda geleşigiň maliýe şertleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Messiniň 2021-nji ýyldan bäri PSŽ-de çykyş edýär.Onuň klub bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýyla çenli diýip göz öňünde tutulan.Transfermarkt portaly futbolçynyň bahasy 50 mln ýewro diýip bahalandyrýar.