PSŽ Mbappe 2024-nji ýyla çenli şertnama hödürleýär

PSŽ Mbappe 2024-nji ýyla çenli şertnama hödürleýär

PSŽ bilen hüjümçi Kilian Mbappeniň arasyndaky täze şertnama bilen bagly gepleşikler barada maglumatlar belli boldy.

ABC telewizion ulgamynyň maglumatlary boýunça, parižliler 23 ýaşly futbolça 2023-nji ýylda başga kluba geçmek mümkinçiligi bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama teklip edýärler. “PSŽ-niň” prezidenti Nasser Al-Helaýfi Mbappeniň 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda toparyň oýunçysy bolmagyny isleýär diýip, sports.ru habar berýär.

Kilian “Reala” tomusda erkin agent hökmünde geçmäge söz berdi. Eger ol “PSŽ-de” galsa, onda Madridiň klubundan täze teklip almaz. “Real” arkaýyn, ýöne indi gijikmäniň bolmagyna razy däl we Mbappe hem muny bilýär. “Madrid” Kilianyň pikirini üýtgetjekdigine ynanmaýar, ýöne oýunçy diňe bir “PSŽ” däl, eýsem maşgalasy tarapyndan hem basyşa sezewar bolýar.

“Real” Mbappe bilen deslapky şertnamalar barada resmi gepleşikler başlanda, “PSŽ-ä” duýdurmaly. Hüjümçi “Madridden” Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýunlaryna çenli hereket etmezligi sorady.

Şu möwsümde 23 ýaşly hüjümçi ähli ýaryşlarda “PSŽ” üçin 26 oýna gatnaşyp, 19 gol geçirdi we 12 netijeli geçirim etdi.

Ýene degişli makalalar

ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
Ýamal iň ökde ýaş futbolçy, Keýn bilen Mbappe baýragy paýlaşdylar
PSŽ öňki super ýyldyzyna 55 million ýewro tölemäge borçly edildi
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Marca: Mbappe Real bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi