Pari Sen-Žermen toparyň baş tälimçisi Maurisio Poçettino bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy. Argentinaly hünärmeniň klub bilen täze şertnamasy 2023-nji ýyla çenli niýetlenýär diýip, championat.com habar berýär.
Poçettino ýanwar aýynyň başynda “PSŽ-niň” ýolbaşçysy bolupdy, ol bu wezipede nemes hünärmeni Tomas Tuheliň ornuny çalşyrdy. Pariž toparynyň ýolbaşçysy bolany bäri Poçettino Fransiýanyň Kubogyny aldy, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy, şeýle-de çempionatda ikinji orny eýeledi. Mundan öň Maurisio “Tottenhem Hotspurda” işledi.