Kristof Galtieni wezipesinden boşadan Fransiýanyň çempiony PSŽ-niň täze tälimçisi belli boldy.Parižliler ispaniýaly hünärmen Luis Enrikäni tälimçilige bellediler.PSŽ 53 ýaşyndaky Enrike bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Luis Enrike özüniň täze kluby bilen baglanyşykly: Pariždäki täze başdan geçirme başlaýandygym üçin men örän şat.Täze adamlar bilen tanyşmak, Parižde ýaşamak, täze dil öwrenmek hem-de PSŽ-niň tälimçisi bolmak meni tolgundyrýar diýdi. “Roma”, “Selta”, “Barselona” klublaryna tälim beren Luis Enrike soňky gezek Ispaniýanyň milli ýygyndysyna tälim beripdi.