"PSŽ" futbol boýunça Fransiýanyň onunjy gezek çempiony boldy

"PSŽ" futbol boýunça Fransiýanyň onunjy gezek çempiony boldy

Pari Sen-Žermen futbol kluby Fransiýanyň çempionatynyň 34-nji tapgyr duşuşygynda öz meýdançasynda Lans kluby bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, möhletinden öň milli çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy. Duşuşyk şenbe güni Stad de Frans stadionynda geçirildi

PSŽ-niň düzüminde goly Lionel Messi (68-nji minut) geçirdi.Lans klubundan Korenten Žan (88) tapwutlandy.PSŽ 34 oýunda 78 utuk toplady. 33 oýundan soň 62 utuk bilen ikinji orunda barýan Marsel milli çempionatynyň çempionlygy ugrunda göreşmek üçin hatda matematiki mümkinçiliklerini hem elden gidirdi.

Pariž kluby 10-njy gezek ýurduň çempionatynda ýeňiş gazandy.Bu görkeziji babatda ol soňky gezek 1980/81 möwsümde çempion bolan Sent-Etýeniň rekordyny gaýtalady.Marsel klubunda 9 sany çempionlyk bar.

Ýene degişli makalalar

Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
“Le Klassikde” ýeňiş parižlileriň tarapynda boldy
Üçüsem 3 utugy 3 gol bilen gazandylar
Ýeňlişsiz topar galmady
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar