PSŽ, “Bawariýa” hem-de “Ýuwentus” ikinji tapgyra çykdy

UEFA Çempionlar ligasynda toparçadaky 4-nji duşuşyklar oýnaldy.Geçirilen 4-nji oýunlardan soň, 3 klub 2-nji tapgyra çykmaga hukuk gazandy.Bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedik toparlaryň 3-siniň Çempionlar ligasynda 2-nji tapgyra çykmak mümkinçiligi galmady.

Geçirilen oýunlarda 56 gol hasaba alyndy. 9 oýunda ýer eýeleri, 3 duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy.Deňlikde tamamlanan 4 oýnuň diňe birinde hasap açylmady.A toparçada ýeňlişsiz barýan PSŽ 4-nji duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp, ikinji tapgyra çykmagy başardy.

Parižliler öz meýdançasynda “Klub Brýuggeni” Ikardiniň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňdi.Toparçanyň beýleki duşuşygynda “Real Madrid” Santiago Bernabeu stadionynda “Galatasaraýyň” torundan jogapsyz 6 pökgi girizdi.Duşuşykda het-trik eden braziliýaly Rodrigo Çempionlar ligasynda 1 oýunda 3 gezek tapawutlanan iň ýaş 2-nji futbolçy boldy. 2 pökgini adyna ýazdyran Karim Benzemanyň Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sany 62-ä ýetdi. “Galatasaraý” üçin bolsa Çempionlar ligasynyň bu möwsümi tamamlanyp, galan 2 oýunda Ýewropa ligasyna gatnaşmak ugrunda göreşer.B toparçada Lewandowski we Perişiçiň gollary bilen “Olimpiakosy” 20 ýeňen “Bawariýa” topary-da wagtyndan öň adyny 1/8 finala ýazdyrmagy başardy.

Bu duşuşykda-da tapawutlanan Lewandowski “Bawariýanyň” şu möwsümdäki ähli oýnunda, 17 duşuşykda-da 21-nji goluny geçirdi. “Tottenham” myhmançylykda “Srwena Zwezdany” 40 ýeňip, duşuşykda koreýaly Hyn-min Son 2 gezek tapawutlandy.Ç toparçadaky 2 duşuşyk hem deňlikde gutaryp, iki oýun hem dürli wakalara baý boldy. Ýaryşyň debýutanty “Atalanta” öz meýdançasynda “Mançester Siti” bilen 11 deňme-deň oýnady. 7-nji minutda Sterling bilen öňe saýlanan myhmanlara 49-njy minutda italýanlardan Paşaliç jogap berdi. 43-nji minutda iňlis toparynyň hüjümçisi Gabriel Žesus penaltiden dürs peýdalanyp bilmedi.

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda derwezeçi Ederson şikes alyp, derwezä Klaudio Brawo geçdi.Ol hem 80-nji minutda gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy.Oýnuň galan minutlarynda derwezäni sag gyraky goragçy Kaýl Wolker goramaly boldy.

Dartgynly we çekeleşikli geçen beýleki “Dinamo Zagreb” bilen “Şahtýoryň” arasyndaky oýunda 83-nji minuta çenli deňlik saklandy. 83-nji we 89-njy minutlarda Iwanuşeç hem-de Ademiniň gollary bilen ýer eýeleri 31 öňe saýlandy.

Ruhdan düşmedik “Şahtýor” 90+3-nji minutda Moraesiň, 90+8-nji minutda-da Teteniň penaltiden geçiren gollary bilen hasaby deňlemegi başardy.Duşuşygy 2 topar hem 1 oýunçy kem ýagdaýda tamamlady.

“Ýuwentus” soňkyminutda ýeňiş gazandyD toparçadaky 2 oýun 21 hasap bilen tamamlanyp, “Ýuwentus” myhmançylykda “Lokomotiwden”, “Baýer” bolsa “Atletikodan” üstün çykdy.Soňky sekuntlarda ýeňiş goluny geçiren “Ýuwentus” ikinji tapgyra çykan 3-nji klub boldy. “E” toparçada soňky çempion “Liwerpul” Belgiýanyň “Genk” toparyny ýarymgoragçylary Wiýnaldum we Oksleýd-Çemberleýniň gollary bilen 21 hasabynda ýeňdi. “Salsburgy” myhmançylykda 32 ýeňen “Napoli” toparyna öz meýdançasynda ýeňiş gazanmak başartmady.

Myhmanlaryň adyndan 11-nji minutda penaltiden tapawutlanan Holand Çempionlar ligasyndaky ilkinji 4 duşuşygynda 7 gol geçirip, bu ugurda rekord goýdy.Galyberse-de, ol Çempionlar ligasynda bir möwsümde iň köp gol geçiren iň ýaş futbolçy rekordyny Raul we Mbappeden almagy başardy.F toparçada birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedik “Barselona” öz meýdançasynda Praganyň “Slawiýasy” bilen golsuz deňme-deň oýnady. Çeh toparynyň “Interden” soň, myhmançylykda “Barselonadan” hem utuk bilen dolanmagy aýratyn bellärlikdir.

Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda “Interi” kabul edip, garşydaşynyň 20 öňe saýlanandygyna garamazdan, ýeňşini baýram etdi.Soňky wagtlaryň ezber hüjümçisi Lautaro Martines we Wesinonyň gollary bilen 1-nji ýarymy 20 öňde tamamlan “Inter” 2-nji ýarymda ýer eýeleriniň 3 goluna alaç tapyp bilmedi.

Nemes toparynyň marokkoly oýunçysy Aşraf Hakimi şu möwsümde Çempionlar ligasynda 2-nji gezek 2 gol geçirdi.Beýleki pökgini bolsa Brandt öz adyna ýazdyrdy.

“Çelsi”“Aýaks”: 44G toparçada “Bundesligadaky” şowly oýnuny Çempionlar ligasynda-da görkezýän “Leipsig” myhmançylykda “Zeniti” Demme we Sabitseriň gollary bilen 20 utdy. “Lion” hem Fransiýada “Benfikadan” 31 üstün çykmagy başardy. “H” toparçadaky “Çelsi”“Aýaks” duşuşygy taryhy oýunlaryň biri hökmünde hasaba alyndy.

Birinji ýarymda 2-si awtogol 3 gol geçiren “Aýaks” 55-nji minutda 41 öňe saýlandy. Ýöne Frank Lampardyň şägirtleri ruhdan düşmän hasaby deňlemegi başardy.Iňlis klubunyň hasaby deňlemeginde “Aýaksyň” 2 futbolçysynyň Blind bilen Weltmanyň 68-nji minutda gyzyl kart almagynyň täsiri uly boldy.

Jorjinionyň penaltiden 2 gol geçiren oýnunda “Çelsi” şol gyzyl kartlardan soň 2 pökgini derwezä girizdi.Toparçanyň beýleki oýnunda bolsa, “Walensiýa” garşydaşynyň 10 öňe saýlanandygyna garamazdan, 80-nji minutdan soň, 3 gol geçirip, “Lill” toparyny 41 hasabynda ýeňdi.

Bu ýeňlişden soň, “Lill” üçin Çempionlar ligasynyň bu möwsümi tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI — ADAMZADYŇ GYMMATLY MIRASY
MAGTYMGULYNYŇ MIRASY ADAMZAT MEDENIÝETINIŇ GENJI-HAZYNASYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR