PSŽ 2 ýyldyz futbolçyny transfer etdi

Tälimçilige ispaniýaly Luis Enrikeni wezipä bellen PSŽ topary 2 futbolçy bilen şertnama baglaşdy. Parižliler “Inter” bilen şertnamasy tamamlanan slowakiýaly goragçy Milan Şkriniary hem-de “Real Madrid” bilen şertnamasy gutaran ispaniýaly ýarymgoragçy Marko Asensiony düzümine goşdy.

28 ýaşyndaky Şkriniar PSŽ bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol PSŽ-de çykyş etjek ilkinji slowakiýaly futbolçy bolar. “Interiň” köýnekçesini 6 ýyllap geýen Şkriniar italýan toparynyň düzüminde 246 duşuşykda meýdança çykdy. Ol şol oýunlarda 11 gol geçirdi. Şkriniar “Interden” öň “Sampdoriýada”, ondan öňem “Žilinada” oýnapdy. Şkriniar bilen arap klublary hem gyzyklanýardy.

27 ýaşyndaky Marko Asensio fransuz kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Real Madridde” 7 möwsümde 286 oýunda 61 gol geçiren Asensio 3 gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy. Ol “Real Madridden” öň “Malýorka”, “Espanýol” klublarynda kärendesine çykyş edipdi. Asensio milli ýygyndyda 37 oýunda 2 gezek tapawutlandy. Luis Enrike onuň milli toparda-da tälimçisi bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
DÇ-2022: Ispaniýa Kosta-Rikany derbi-dagyn etdi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyry: Real we Siti birinji duşuşyklarynda ýeňiş gazandy
“Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda