Pari Sen-Žermen futbol topary Tuluzy 2:0 hasabynda ýeňip, Fransiýanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy. Duşuşyk Pariž şäherindäki Park de Prens stadionynda geçirildi.
Duşuşygyň eýýäm 3-nji minudynda ýarym goragçy Li Kan In hasaby açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda bolsa hüjümçi Kilian Mbappe jemleýji sözi sözledi.
Şeýlelikde, parižliler bassyr dokuz duşuşykda ýeňiş gazandylar. Olar ahyrky gezek geçen ýylyň 7-nji noýabrynda Çempionlar ligasynyň çäginde Milandan 1:2 hasabynda utulypdylar.
Topar ýurduň Naýbaşy kubogyna 12-nji gezek mynasyp boldy. Munuň özi Fransiýanyň rekordydyr. Mundan öň Lion bu kubogy 8 gezek gazanypdy.