PSW we “Şahtýor” bir ädim öňde

* Gollandiýanyň çempionatynda PSW 71 utuk bilen 28-nji tapgyrdan soň, 1-nji ýerde barýar. “Aýaksyň” 64, “AZ Alkmaaryň” 59, 18 ýyldan soň geçen möwsümde çempionlyk gazanan “Feýenoordyň” 48 utugy bar.* Ukrainanyň çempionatynda hemişekiler ýaly “Şahtýormy” ýa-da “Dinamomy” diýen sowala häzirlikçe doneskliler diýip, jogap berse bolar. “Şahtýoryň” 54, “Dinamonyň-da” 48 utugy bar.

Eger-de galan tapgyrlarda doneskliler säwlik goýbermeseler, onda olar bassyr 2-nji, umumylykda 11-nji çempionlygyny gazanarlar.* Belgiýanyň çempionatynda 30-njy tapgyr tamamlanyp, “Klub Brýugge” 12 utuk aratapawudy bilen öňde barýar.

Olar 1 ýyllyk arakesmeden soň, nobatdaky çempionlygyna golaýlaýar.Soňky çempion “Anderlehtiň” 55, “Şarleroiniň” 51, “Gentiň” 50 utugy bar.* Daniýanyň ýokary ligasynda-da “Brondbýu” bilen “Midtýullanyň” arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär. 26 tapgyry tamamlanan çempionatda iki toparyňam 60 utugy bar. “Norşellann” 50 utuk bilen 3-nji hatarda barýar.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
16 duşuşyk 48 gol
Brýugge 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy
ÝKL-iň çärýek finalçylary belli boldy
Konferensiýalar ligasynyň 1/8 finalçylary belli boldy
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi