PSW-niň 24-nji çempionlygy

Gollandiýanyň çempionaty “Eredivise”-de 31-nji tapgyrda merkezi duşuşykda çempion belli boldy. Öz meýdançasynda “Aýaksy” kabul eden sanawyň lideri Eýndoweniň PSW topary ezeli bäsdeşinden 30 (Pereiro 23, L.

De Ýong 38, Bergwiýn 54) hasabynda üstün çykyp, 1 ýyldan soň, ýene-de çempionlygy gaýdyp aldy.Bu ýeňiş olaryň çempionatdaky 24-nji çempionlygy bolup, olar 33 gezek çempionlyk gazanan “Aýaksdan” soň, 2-nji hatarda barýar.* * *Portugaliýanyň çempionatynda 30-njy tapgyrda sanawyň lideri “Benfika” öz meýdançasynda Hektor Herreranyň 90-njy minutda geçiren owadan goly bilen “Portodan” 10 hasabynda asgyn gelip, 2-nji orna düşdi. Çempionatyň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, “Porto” 2 utuk aratapawudy bilen 1-nji basgançaga beýgeldi.* * *Russiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Lokomotiw” myhmançylykda “Dinamodan” 40 üstün çykdy.

Olar wagty süýşürilen duşuşykda-da “Ahmat” bilen 1 utugy paýlaşdy (00).Soňky çempion “Spartak” bolsa, myhmançylykda “Uraldan” 21 ýeňildi. Şunlukda, 4 tapgyr galanda, “Lokomotiw” 6 utuk öňde barýar.* * *Türkiýäniň çempionatynda “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Istanbul Başakşehirden” 20 üstün çykyp täzeden 1-nji orna geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-ispan hyzmatdaşlygy: Saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagy boýunça pikir alşyldy
16-njy noýabr
Total futbolyň jemleýji bölümi
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy
“Real Madridiň” ýeňişli ýörişiniň başlangyjy
Transfer täzelikleri