Braun uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary wirtual reallyk tehnologiýasyny ulanmak bilen, adamlaryň köplükdäki hereketini we özüni alyp barşyny öňünden aýtmaga mümkinçilik berýän ülňüni oýlap tapdylar. Bu baradaky habar “Proceedings of the Royal Society B” neşirinde ýerleşdirilen habarda aýdylýar diýip, “MIR24” ýazýar.
“Biz şeýle utgaşdyrylan hereket görnüşi üçin sensor esasy teklip edýän ilkinji ylmy topar” diýip, işiň awtory Uilýam Uorren aýdýar.
Ülňüni işläp düzmek üçin hünärmenler wirtual köplükde ýerleşdirilen gözüne wirtual äýnek dakynan adamlaryň hereketini we birek-birege gatnaşygyny öwrendiler. Netijede, adamlaryň mähellede soňra özbaşdak hereket ugruny saýlap almak üçin bir bitewi bolup hereket etmäge çalyşýandyklary belli boldy. Mahlasy, täze ylmy açyş köplügiň hereket ugruny takyk öňünden aýtmaga ukyply bolup çykdy.