Psiholog Täze ýyl keýpini nädip döretmelidigini maslahat berdi

Psiholog Täze ýyl keýpini nädip döretmelidigini maslahat berdi

Täze ýyly baýram etmek isleginiň ýokdugyndan zeýrenýän adamlaryň öz ýaşaýan şäherleriniň ýyl çalşygyndaky ajaýyp bezeginden hem-de ak garyň gözelliginden lezzet almagy gerek, hut şeýle edilende, köçeleriň ýakasyndaky dürli reňklerde öwşün atýan arçalar siziň keýpiňizi göterer diýip, Moskwanyň ilata psihologik kömek gullugynyň hünärmeni Ýekaterina Igonina maslahat berýär. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, täze ýylyň howasyny duýmak üçin, daş-töweregiňdäki baýramçylyk bezeglerine, ýakyn adamlaryň, tanyş-bilişleri eýýämden baýramçylygy garşylamak baradaky aladalaryna dykgat etmek gerek, mysal üçin, ýakynlaryň täze ýyl sowgatlaryna nähili begenjekdiklerini, çagalaryň bilen bile zenzebilli köke bişirip, arçanyň aşagynda goýmagy göz öňüne getirmeli.

Igonina häzir Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň hemme ýerlerde dowam edýändigini ýatlatdy. Her bir gaýtalanmajak günden lezzet alyň, şatlanmagy we bagty soňa goýmaň, olaryň ikisine-de höwes bilen ýapyşyň diýip, psiholog maslahat berdi.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Ýaş ussat ýerine ýetiriji we sazanda mugallymlaryň üstünlikleri
Mariýa Montessori usulyýetine esaslanýan Türkmenistanyň ilkinji bilim merkezi 3 — 6 ýaşly çagalary okuwa çagyrýar
Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy