Ak Tamyň Metbugat geňeşçisi Jennifer Psak, gündelik metbugat ýygnagynda Russiýa-Ukraina söweşiniň soňky ýagdaýy barada maglumat berdi.
"Ukraina üçin ýeňiş" kesgitlemesiniň Ukrainanyň öz saýlawyna baglydygyny aýdan Psaki: "Biz iň başyndan bäri berýän goranyş maksatly goldawymyz bilen gepleşikler tapgyrynda Ukrainanyň elini güýçlendirýäris" diýip belledi.
Jen Psaki söweşiň başynda Russiýanyň Ukrainany gysga wagtyň içinde gözegçilik astyna almagy meýilleşdirendigini we şol maksadyna ýetmändigini belläp: "Russiýa öz nukdaýnazaryndan Ukraina söweşinde eýýäm ýeňildi. Ukrainany basyp alyp bilmedi. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Kiýewiň köçelerinde ýöriş geçirip bilmez. Ukrainanyň territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny ýok edip bilmez. NATO-ny hem bölüp bilmedi" diýip nygtady.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.